JEMGYÝET

Belarus Awazadaky foruma uly gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Belarusyň daşary işler ministri Maksim Ryženkow hem-de Moldowanyň daşary işler ministri Mihai Popşoi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Belarusyň daşary işler ministri bilen söhbetdeşlikde türkmen-belarus hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundna beýläk-de ösdürmegiň gyzyklanma bildirýän ugurlaryna garadylar.

Belarusyň daşary işler ministri Maksim Ryženkow Awazadaky maslahata Belarusyň uly gyzyklanma bldirýändigini belläp, sebäbi deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hökmünde geografiki taýdan beýleki döwletler üçin mahsus ähli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny belledi.

Moldowanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda awgusta aýynda boljak BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Uluslararası Türkmenbaşı Deniz Limanı açılıyor

vepa

Welaýatlarda ýolagçy awtomenzilleriň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler