TESWIRLER

Haýwanlaryň Haýyşnamasy

Haýwanlaryň Öz Hak-Hukuklary Hakynda Haýyşnamasynyň Türkmençe Nusgasy

Heý, siz ömrüňizde  haýwanlaryň ýazan arzasyny ýa-da haýyşnamasyny okap görüpmidiňiz?! Onda, ynha, baş üstüne, meniň elimdäki nusgasyny  okap göräyiň…

Arza haýwanlar bilen baglanyşykly gurama, has dogrusy, BHG-e (Birleşen Haýwanlar Guramasyna) ýazylypdyr. Onda daşary yurtlardan getirilýän awtoulaglaryň tizliğine närazylyk bildirilip, olaryň aýagyndan şikaýat edilýär.

Berer ýaly parasy ýok diýäýmeseň, dogrudanam haýwanlaryň haýkyryşy hakykatdy. Mesele welin, mesaňa mälim we gün geçirmezden gozgalmaly hem-de düzedilmeli meseledi…

10 sany 4-lük, 40 sany setir bilen haýwanlardan habar alyp bilmek, ony okyjylara hödürläp bilmek ýeňil iş däl…Ýöne meniň bu işiň hötdesinden gelip-gelmändigimi hem okyjylar hem-de arza ýazan haýwanlar anyklajakdyr…   

“Birleşen Haýwanlar Guramasyna!”

Biziň haywanlardan bir arza, ine!

Arzanyň mazmuny hakyt hekaýat,

“INOMARKAŇ” aýagyndan şikaýat!

 

Haýwan bary basyp oňa dyrnagyn,

Başlykdan soraýar çäre görmegin,

Sanymyz azalýar, halas et bizi,

“INOMARKAŇ” tizligi geçmesin 100-i.

Çöpläp bilemzok biz gaçan dänäni,

Serçe ýitgimiziň hasapsyz sany.

“Žigulyň” tizligne biz doga endik,

“INOMARKA”çykdy, epeý kösendik.

 

Tilkiler sapalak atyp bilenok,

Şagalda meslik ýok, ýüzi gülenok.

Düýeden ýitirdik bäş ýüze ýakyn,

Ýagdaýymyz agyr, günümiz has kyn.

 

Garynja görgüli gutarjak basym,

Haýwan halkyna-da bir gulak asyň!

Olaň hem bardyr-a haky-hukugy,

Üýşüp arza ýazdyk, nädeli dagy?!

 

Pyşdyl pahyr ýola çykmasyn kesdi,

Kirpi görgüli-de gan aglap gusdy,

Çybynlar hasap däl, kebelege dat,

Bal arylara-da ediň siz medet!

 

Ýagdaý-a şeýleräk eý, eziz başlyk!

Oňyn habar berip, alyň siz buşluk!

Iň bolmanda salyň “haýwan salgydyn”,

“INOMARKAŇ” jezasyny galňydyň!

 

Bilýäs, bizden başga işiňiz kändir,

Ynsan-ynsan bolýa, haýwan  haýwandyr,

Ýaşaýşa ymtylýar olaň her biri,

Bäş günlük ömürde gezmekçi diri.

 

Gaýrat ediň, gözläň, ganymat çäre,

Seresaply borus, ýagdaýa görä,

“Arza üçin aýyplaşmaň, bagyşlaň,

Janyňyz sag bolsun, sag-aman işläň!”

 

Şeýdip tamamlanýar enaýy arza,

Ony ýazan eken jikjiki mürze.

Hoş galyň, garaşýas jogaba diýen,

Iň soňundan sorag belgisin goýan.

Ýene-de okaň

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady

Hasaply dost uzaga gider

Ata Watan Eserleri

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Ata Watan Eserleri

Çaga Robot Däldir

Ata Watan Eserleri