JEMGYÝET

Harby gulluk bilen bagly kanunlar täzeden serediler

«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna täzeden serediler. Bu barada 6-njy aprelde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Hususan-da, döwlet Baştutany: «Watanymyza, döwletimize, halkymyza wepaly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen, ahlak taýdan durnukly, sagdyn pikirli hem-de hünär taýdan kämil harby gullukçylary kemala getirmek we olaryň hukuk goraglylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna täzeden seretmeli» diýip nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere häzirki wagtdan taýýarlyk görmelidigini belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutany «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmelidigini,  «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gurban Baýramy gutlagy

Türkmenistan Hytaýdaky raýatlarymyzy alyp geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi

Leave a Comment