SIZDEN GELENLER

Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara

8-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň jaýynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň aýal-gyzlaryny, zenanlaryny göni ýaýlym arkaly gutlagy bilen açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň  milliligimiziň gözbaşyny dowam edýän eli hünärli zenanlara, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän gelin-gyzlara baýram gününde ýetiren gutlagy, dabara gatnaşyjylarda buýsanç duýgusyny döretdi.

Milli Liderimiz zenanlaryň dürli işleri ýerine ýetirmekde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, olaryň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda, ahlak we beden taýdan sagdyn hem-de zähmetsöýer edip ýetişdirmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Taryhda uly yz goýup, gahrymançylyk görkezen türkmen zenanlary hakyndaky buýsançly gürrüňleri her birimizde aýratyn täsirleri goýdy.

Soňra giň sahnada dürli çeper okaýyşlar bilen sepleşen aýdym-sazlardyr, el çarpyşmalar baýramçylyk gününiň şatlygyny goşalandyrdy.

Baýramçylyk konserti aýdymçy ýigitleriň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan şirin aýdymlary bilen jemlendi.

“Arkadaga şöhrat” diýip gaýtalanan şygar bolsa dabaranyň jemleýji pursatlarynda aýratyn mana eýe boldy.

 

Bägül Kakalyýewa

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Türkmenistan gözleg motory Gozle – 2022-nji ýyldaky täzelenme

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi