JEMGYÝET

Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda ähli aýal-gyzlara, edaralarda we kärhanalarda zähmet çekýän zenanlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, talyp we okuwçy gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu gün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hem-de olara täze, döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

8-nji mart baýramynda enelere, zenanlara, gelin-gyzlara hoşniýetli sözler, mähirli gutlaglar aýdylýar, sungatyň ajaýyp öwüşginleriniň üsti bilen baýramçylyk çäresi dabaralandyrylýar. Gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen döwlet derejesindäki baýramçylyk konserti zenanlara bildirilýän hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Konserte mährem eneler, önümçiligiň öňdebaryjy zenanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we dürli pudaklarda işleýän gelin-gyzlar, “Ýylyň zenany” diýen hormatly ada mynasyp bolanlar we beýleki döredijilik gözden geçirilişiniň ýeňijileri, «Ene mähri” diýen hormatly ady alan köp çagaly eneler, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Mukamlar köşgüniň sahnasynda guralan konsertde ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, meşhur tans we folklor toparlary, bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary we ýaşajyk artistler özleriniň ajaýyp çykyşlaryny, sungat eserlerini mähriban gelin-gyzlara, olaryň bagtyýar durmuşyna bagyşladylar. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde milli sazlar, nusgawy aýdymlar, zenan bagtyýarlygyna, wepadarlygyna, ene söýgüsine we yhlasyna bagyşlanan häzirki zaman hem-de halk aýdymlary ýaňlanyp, olar häzirki döwürde topragyň bahar howasy bilen janlanýan pursatlarynda emele gelen gözelligiň nusgasy hasaplanylýan gelin-gyzlaryň waspyny ýetirýän sena öwrüldi.

Baýramçylyk konsertindäki çykyşlar mähriban, hoşniýetli, paýhasly, ýokary adamkärçilikli we hemmeler tarapyndan uly hormat goýulýan eneleriň waspyny ýetirdi.

 

ÝTÖB Derweze kraterindäki ýanýan gazy söndürmäge goldaw bermekçi

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar