BILIM

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kitap gowşuryş dabarasy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň gatnaşmagynda uniwersitete kitaplaryň gowşuryş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Ilçihana tarapyndan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany kitaplar we okuw gollanmalar gowşuryldy. Şeýle-hem, Hytaý Halk Respublikasy barada gysga wideo şekilli ýazgy görkezildi. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary hytaý dilinde şygyr okadylar. Soňra uniwersitetiň talyplary Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky talyp alyş-çalyş maksatnamalary hem-de magistratura we doktorantura okuw mümkinçilikleri barada Ilçi bilen sorag-jogap alyşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky taryhy gatnaşyklar, häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, ykdysady-söwda, ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň beridiler.

Dabaranyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleri alyp barjakdyklary barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy