Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna gelip gowşan täze maglumata görä, bu kompaniýa ozal bu awiakompaniýadan satyn alnan awiapetekler barada maglumat berdi.
Şol maglumata laýyklykda, öň satyn alnan awiapetekleriň möhleti dolýandygy sebäpli, awiapetekleri iň gysga wagtyň içinde we 2021-nji ýylyň 30-njy dekabryndan gijä galman yzyna gaýtaryp bermek haýyş edilýär.
Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň maglumatyna görä, bu kompaniýadan satyn alnan awiapetekleriň möhletiniň dolmagy sebäpli onuň yzyna gaýtaryp bermek babatdaky amallaryň resmileşdirilmelidigi göz öňünde tutulýar.
Biletleriň yzyna gaýtaryp berilmegi babatda THY-nyň Aşgabat bilet satuw ofisine ýüz tutup bolar (Atatürk köçesi No: 82, ofis A7-A8 / “Berkarar” Işewürlik merkezi 1-nji gat, Tel: + 99361 01-44-33).
Mälim bolşy ýaly, dünýäde emele gelen koronawirus ýokanjy sebäpli halkara uçar gatnawlary wagtlaýyn çäklendirildi. Şonuň üçin Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy häzirki wagtda diňe ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.
Umuman, bu kompaniýa wagtlaýyn çäklendirmelerden bäri 20-den gowrak ýörite uçar gatnawyny amala aşyryp, gatnawlaryň aglabasy Stambul-Türkmenabat-Stambul hem-de Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça amala aşyrylýar.
Öňümizdäki döwürde kompaniýa 4 sany halkara uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Olaryň biriniň şu ýylyň 27-nji oktýabrynda ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Bu halkara ýörite gatnawlar baradaky habarlary uçar gatnawlarynyň amala aşyrylmaly senesi golaýlan wagty okyjylar köpçüliginiň dykgatyna iň gysga wagtda ýetireris.
Soňky gezek “Türkhowaýollary” kompaniýasy 2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrypdy.
Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!
“Atavatan TV” YouTube kanalymyzdaky täze show gepleşigimize tomaşa etdiňizmi? Show gepleşigimize şu wagta çenli Söhbet Kasymow, Ahmet Atajanow, Kerim Hally, Perhat Ataýew we Jelil Atajykow hem-de beýleki sungat ussatlary myhmançylykda boldy. Siz ähli gyzykly we güldürýän show gepleşiklerimizi şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz!
Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.
Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.
Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!
Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com
“Makul Terjime” telefony:
+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com
18-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama