SPORT

Halkara Olimpiýa komitetiniň täze ýolbaşçysy wezipesine girişdi

Lozannadaky Olimpiýa öýünde Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) başlygynyň ygtyýarlyklarynyň geçirilmegi dabarasy boldy. 2013-nji ýyldan bäri HOK-a ýolbaşçylyk eden Tomaы Bah bu wezipäni Zimbabweden bolan iki gezek Olimpiýa çempiony Kirsti Kowenträ tabşyrdy.

Kowentri HOK-nyň 10-njy prezidenti bolup, bu wezipä bellenen ilkinji zenan we Afrika yklymyndan bolan ilkinji wekili hökmünde taryha girdi. Ol şu ýylyň mart aýynda Gresiýanyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen HOK-nyň 144-nji sessiýasynda sekiz ýyllyk möhlet bilen saýlanyldy.

Dabaranyň dowamynda Bah Kowenträ Olimpiýa öýüniň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu açar, 1992-nji ýylda ispan dizaýneri Andre Rikar tarapyndan döredildi.

Dabara Halkara Olimpiýa komitetiniň agzalary, türgenler, jemgyýetçilik wekilleri we halkara hyzmatdaşlaryndan 700-den gowrak myhman gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy