Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk we hukuk goraýyş ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Halkara guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyz BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasy ýaly iri düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça teklipler beýan edildi. BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan şu ýylda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň ençemesi boýunça çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär. Şol gatnaşyklar degişli hukuk we bilim binýadyny kemala getirmegi, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, ugurdaş gulluklaryň işini kämilleşdirmegi, tejribe alyşmagy we sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem bu müdirlik “Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” işläp düzmek babatda Türkmenistana tehniki we maslahat beriş goldawyny bermäge taýýardygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli iş toparyny döretmek teklip edilýär.
Hasabatyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymy üçin hyzmatdaşlyk boýunça çäreleriniň meýilnamasyny amala aşyrmak babatdaky teklip beýan edildi.
