JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler

Şu gün hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Täze ýyldaky ilkinji Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş eden milli Liderimiz fewral aýynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljekdigini belledi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýene-de bir uly maksatnamanyň üstünde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk biziň beýik üstünliklerimiziň binýady. Geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda örän köp işler edildi. Taryhy taýdan gysga döwürde biz ägirt uly üstünlikleri gazandyk, diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlarynyň kesgitlenmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şunuň bilen baglylykda, fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasyna seretmeli we ony tassyklamaly. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemläp, şu ýyl üçin hem wezipeleri kesgitlemeli. Men Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek bilen bagly ähli işleri umumy utgaşdyrmagy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K. Bababýewe we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa tabşyrýaryn, diýip milli Liderimiz belledi.

 

Türki dünýäsiniň guramalarynyň ýolbaşçylaryndan Täze ýyl gutlagy

Ýene-de okaň

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady