Häzirki şanly günler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Diýarymyzyň ähli ýerlerinde giň gerime eýe bolýar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwet galamyna degişli bolan gymmatly esere gyzyklanmanyň ýokarydygynyň alamatydyr.
Milli Liderimiziň baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň bosagasynda halkymyza sowgat eden “Hakyda göwheri” atly kitaby baý many-mazmuny babatynda, hakykatdan-da, uly gyzyklanma eýedir. Bu ajaýyp eserde türkmen halkynyň dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri anyk we taryhy maglumatlar arkaly beýan edilýär. Gymmatly kitabyň her bir baby, bölümi we sahypasy çuňňur manyly jümlelere baýdyr. Bu bolsa kitabyň gymmatyny artdyrýar.
Täze kitap Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir.Türkmen halkynyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýany bolan täze kitap girişden we iki bapdan ybaratdyr. Kitabyň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda söz açylyp, awtor olar baradaky garaýyşlaryny, pikirlerini bäş bölümiň üsti bilen beýan edýär. Kitabyň ikinji baby «Ruhy miras» diýlip atlandyrylyp, ol alty bölümden ybarat. Kitabyň ikinji babynda milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklar barada söz açylýar.
Kitap gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüler. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitaby ýazmakdan öň ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär.
Taryhy maglumatlara daýanýan, halkyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan şeýle kitaplar ruhy-medeni hazynamyzyň altyn sütünine öwrülip, nesilleriň ylham çeşmesine öwrülip galýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby her birimiziň işimizde gymmatly gollanmalaryň birine öwrüler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda ata-babalarymyzyň şan-şöhratly geçmişiniň, baý medeni mirasynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýolunyň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň giňden beýan edilmegi ählimizde uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hasaplanýan taryhymedeni ýadygärlikler baradaky pikirlerini halkymyz bilen paýlaşmagy bolsa her birimizi begendirýär hem-de buýsandyrýar.
Girişden we iki bapdan ybarat bolan ajaýyp eserde türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandyna uly orun berilýär. Onda umumadamzat taryhynyň ösüşlerine oňaýly täsir eden kuwwatly türkmen döwletleri bolan Margiana, Parfiýa, Beýik Seljuk siwilizasiýalary baradaky bitirilen düýpli işler seljerilip, bu sanawyň Gadymy Änew medeniýetiniň gazanan beýik sepgitleriniň maglumatlary bilen baýlaşdyrylmagy, täze kitabyň taryhy-jemgyýetçilik ähmiýetini has hem ýokarlandyrypdyr. Bu mukaddes ýerlerden başlanyp, türkmeniň uly taryhynyň dowamynda gülläp ösen halk lukmançylygy, halyçylyk, dokmaçylyk, binagärlik, zergärçilik senetleri boýunça toplanan baý tejribeleriň anyk we düýpli arheologiki maglumatlar arkaly beýan edilmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň beýik döwletdigini ylmy taýdan açyp görkezýär. Eziz Diýarymyzyň gadymy taryhynyň baý maglumatlary esasynda ýazylan bu kitapda umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda uly orun alýan halkymyzyň taryhy, tebigy we ýazuw ýadygärlikleri, maddy we ruhy gymmatlyklary barada hem giňden söhbet edilýär.
Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde ajaýyp kitaplaryny halkymyza sowgat edýän, milli ýol-ýörelgelerimize, baý mirasymyza çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaç alsyn!
Meretgeldi Çakanow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Mekdep we mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa
usuly birleşmesiniň pedagogika we psihologiýa mugallymy.