SIZDEN GELENLER

“Hakyda göwheri” – milli mirasyň sarpasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 25-nji noýabrda geçiren iş maslahatynyň barşynda zähmet rugsadynda döredijilik işleri bilen meşgullanyp, täze kitaby ýazyp tamamlandygyny, oňa «Hakyda göwheri» diýip at goýandygyny habar bermegi ulus-ilimizde şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günlerinde ýazyp tamamlan täze kitabynda şöhratly taryhymyz, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy dogrusynda söhbet açylýandygyny eşidip, göwün guşumyz has-da ganatlandy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Şu mynasybetli, döwlet Baştutanymyz Milli Liderimize Gutlag iberdi. Gutlagda bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigi bellenilýär. Bu gymmatly eser bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiz baý many-mazmunly kitabyň dürli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyza mundan beýläk-de galamynyň ýiti, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat-dowam bolmagyny, täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Arkadagymyz «Hakyda göwheri» diýip atlandyran kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary ýerleşdirendigini aýratyn belläp geçdi. Munuň özi täze kitaba bolan gyzyklanmany artdyrýar.

Hormatly Arkadagymyz täze kitabynda şöhratly taryhymyzyň menzilleri, hem maddy, hem ruhy medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy hakynda örän täsirli beýan edýär. Bu kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halka gowuşmagy-da uly mana eýedir.

Milli Liderimiziň edebiýata, medeniýete, Magtymguly Pyraga goýýan bimöçber sarpasy hemmelere mälimdir.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

Berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Aýlar Täjiýewa, 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy

Türkmenistan-TÜRKSOÝ: köpugurly hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Saglyk ulgamynda sanly mümkinçilikler

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy

Saglyk — baş baýlyk

Ata Watan Eserleri