DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň Prezidenti Saud Arabystanydaky sammite gatnaşar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 18-20-nji iýulda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrar we “Merkezi Aziýa-Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň” döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň Administrasiýaysnyň daşary syýasat boýunça bölümiň ýolbaşçysy Muratbek Azymbakiýew habar berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman bin Abdulaziz Al-Saudyň çakylygy boýunça iş saparyny amala aşyrar.

Bu sammitiň çäklerinde döwlet Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Sammitiň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparowyň Aýlagdaky arap ýurtlaryň baştutanlary bilen ikiçäk gepleşikleri göz öňünde tutuldy.

Bellenilip geçilişi ýaly, bu ugurdaky sammit ilkinji gezek geçirilýär.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — alty sany arap ýurduny öz içine alýan sebitleýin gurama. Onuň düzümine Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany girýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy