DÜNÝÄ

Gyrgyzystanda täze Ministrler Kabinetiniň agzalary tassyklandy

Gyrgyz Respublikasynda döwlet gurluşynda täze üýtgetmeler girizildi. Ýurtda Prezidentiň ygtyýarlyklary giňeldildi we Ministrler Kabinetiniň Başlygy hem-de Prezidentiň administrasiýasynyň ýolbaşçysy wezipeleri girizildi.

Gyrgyz Respublikasynyň parlamenti bolan Žogorku Keneşde täze Ministrler Kabinetiniň düzümi tassyklandy we olar kasam kabul etdiler.

  • Akylbek Žaparow – Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezident administrasiýasynyň başlygy;
  • Arzybek Kožoşew – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary;
  • Aziz Aaliýew – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary;
  • Edil Baýsalow – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary;
  • Kamçybek Taşiýew – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary – Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy;
  • Daniýar Amangeldiýew – Ykdysadyýet we söwda ministri;
  • Almaz Baketaýew – Maliýe ministri;
  • Ruslan Kazakbaýew – Daşary işler, Daşary söwda we maýa goýum ministri;
  • Aýaz Baetow – Adalat ministri;
  • Erkinbek Osoýew – Ulag we aragatnaşyk ministri;
  • Askarbek Žanybekow – Oba hojalygy ministri;
  • Doskul Bekmurzaýew – Energetika ministri;
  • Dinara Kutmanowa – Tebigy baýlyklar, daşky gurşaw we tehniki gözegçilik ministri;
  • Alymkadyr Beýşenaliýew – Saglyk ministri;
  • Bolotbek Kupeşow – Bilim we ylym ministri;
  • Azamat Žamankulow – Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri;
  • Kudaýbergen Bazarbaýew – Zähmet, durmuş üpjünçiligi we migrasiýa ministri;
  • Baktybek Bekbolotow – Goranmak ministri;
  • Ulan Niýazbekow – Içeri işler ministri;
  • Boobek Ažikeýew – Adatdan daşary ýagdaýlar ministri.

Özbegistan prezident saýlawlaryna barýar

Ýene-de okaň

Germaniýada täze hökümet düzülermi?

Türkmenistan Marokko ilçi belledi

Germaniýanyň täze kanslerini kesgitlejek saýlaw

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Hytaýyň ýolbaşçylaryna iberen resmi çakylyklary gowşuryldy

Türkmenistanyň daşary ykdysady ugry boýunça täze resminamalar taýýarlanýar

Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar