BILIM

Gyrgyzystan Türkmenistanyň 12 ýyllyk bilim tejribesinden peýdalanmak isleýär

Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Biraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Aň-bilim ministri D.Kendirbaýewa bilen  duşuşygy geçirildi. Duşuşykdan öň myhman bu ýerde guralan halkara sergi bilen, hususan-da Bilim ministrliginiň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň pawilýonlarynda  hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan köptaraplaýyn özgertmeleriň netijeleri bilen içgin tanyşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Bilim ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän bilim özgertmeleri, orta mekdeplerde 12 ýyllyk möhlete geçilmegi, ýaşlara döwrüň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, bilim işini kämilleşdirmek, ýaşlary ylma we döredijilige ugrukdyrmak, ylmyň innowasion gazananlaryny we kämil tehnologiýalaryny okuw işine işjeň ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri D.Ş.Kendirbaýewa Awazada hem-de paýtagtymyzda geçirilýän çärelere gatnaşmagynyň dowamynda özünde galdyran ýakymly täsirleri, bu çäreleriň örän ýokary derejede guralandygy barada aýtdy. Myhman Gyrgyz Respublikasynda hem şu okuw ýylyndan 12 ýyllyk okuw maksatnamasyna geçilendigini aýdyp, Türkmenistanda bu tejribäniň 2013-nji ýylda ornaşdyrylandygyny göz öňünde tutup, bu ugurda toplanan tejribäni öwrenmeklige gyzyklanma bildirýändigini belledi. Myhman bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giňeltmek maksady bilen:

Bu teklipler boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak oňlanyldy. Duşuşykda Bilim ministri ýurdumyzda her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Halkara matematika olimpiadasyna myhmany hem-de Gyrgyz Respublikasyndan okuwçylary, şeýle hem oktýabr aýynda geçirilýän halkara sergisine we ylmy maslahatyna, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açylmagyna garaşylýan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5000 orunlyk täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gyrgyzystanly kärdeşini hem-de goňşy döwletiň bilim işgärlerini we professor-mugallymlaryny işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk uly höwes bilen kabul edildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy