DÜNÝÄ

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezident Sadyr Žaparow özüniň “Facebook” jemgyýetçilik torundaky sahypasynda ýurduň gazanan uly üstünligi barada habar berdi. Gyrgyzystanyň taryhynda ilkinji gezek milli pul birligi — som ýurduň içinde çap edilip başlandy.

Döwlet baştutany şeýle belläp geçdi:

«Öň biz milli pulumyzy çap etmegi daşary ýurtlara sargyt etmeli bolýardyk we munuň üçin pul töleýärdik. Indi bolsa hemme zat üýtgedi: biz eýýäm beýleki döwletler üçin hem sargyt boýunça pul birligini çap edip biljek derejä ýetdik.

Şol bir wagtyň özünde, pullaryň taýýarlanylyşynda ähli zerur standartlara we talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara şahadatnamasyny aldyk.

Mundan başga-da, biz milli resminamalary: umumy raýatlyk pasportlaryny, ID-kartlary, sürüjilik şahadatnamalaryny, ulag serişdeleriniň tehniki pasportlaryny we beýleki möhüm resminamalary ýokary hilli neşir edýäris.

Şeýle hem, biz beýleki ýurtlar üçin diňe bir pul birligi däl, eýsem dürli döwlet resminamalaryny hem çap etmäge taýýardyrys.

Häzirki wagtda biz eýýäm birnäçe döwletden sargytlary kabul edýäris. Şahadatnamanyň bolmagy netijesinde önümlerimiziň goragy iň ýokary derejdedir. Başgaça aýdylanda, beýle resminamalaryň galp nusgasyny ýasamak mümkin däl. Şunuň bilen birlikde, bahalar elýeterli bolup galýar».

Ýene-de okaň

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy