BILIM

Gyrgyzystanda 12 ýyllyk mekdebi gutarandygyny tassyklaýan ilkinji şahadatnamalar 2029-njy ýylda berler

Gyrgyzstanda 12 ýyllyk mekdebi gutarandygyny tassyklaýan ilkinji şahadatnamalar 2029-njy ýylda berler. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow «Kabar» agentligine beren interwýusynda belläp geçdi. Gyrgyz Lideri 12 ýyllyk bilime geçmegiň döwrüň talaby bolup durýandygyny belledi.

— Birinjiden, bu dünýä ölçegidir, ikinjiden bolsa, bilim ulgamynyň global bazarynyň talabydyr. Biz zähmet bazarynyň we bilim giňişliginiň dünýä derejesindäki integrasiýasyndan yza galmaly däl. 12 ýyllyk mekdebi gutarandygyny tassyklaýan ilkinji şahadatnamalar 2029-njy ýylda berler. Eger beýle bolmasa, dünýä ölçeglerine laýyk gelmeýän mekdepleri gutaran uçurymlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin goşmaça bir ýyl taýýarlyk görmäge mejbur bolarlar. Gyrgyzstan üçin global ykdysadyýetde bäsleşip biljek adam maýasyny taýýarlamak örän möhümdir, — diýip döwlet Baştutany aýtdy.

Sadyr Žaparow şeýle-de mekdeplerde orun ýetmezçiligi we olaryň adamdan doly bolmagy baradaky köplenç berilýän soraga jogap berip, bu meseläniň 12 ýyllyk bilime geçmek bilen baglanyşykly däldigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, soňky 10 ýylyň dowamynda ýurtda okuwçylaryň sany 500 müň adam artdy we 1 million 536 müň 633 adama ýetdi.

— Ýurtda demografik ösüş, şeýle-de içki migrasiýanyň şäher merkezlerine tarap artmagy, aýratyn-da şäherlerde goşmaça mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurulmagyny zerurlyk döretdi — diýip Gyrgyzstanyň Prezidenti aýtdy.

Ol mekdepleriň ýetmezçiligi meselesiniň tapgyrlaýyn çözüljekdigini, bu ugurda işleriň meýilnama boýunça alnyp barylýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy