Gurluşyk pudagynda giňden ullanylýan we gurluşygy tamamlanan binalary we desgalary kabul etmekde esasy hukuk namalarynyň biri bolan “Gurluşygy tamamlanan binalary we desgalary kabul etmeklik. Esasy düzgünler” atly Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna üýtgetme girizildi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran MB-01 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Gurluşygy tamamlanan binalary we desgalary kabul etmeklik. Esasy düzgünler” atly TGK 3.01.02-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna üýtgetmeler Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda çykaran MB-107 belgili buýrugy bilen kabul edildi.
Bu üýtgetmeler “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen kabul edildi. Üýtgetmeler Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda 1390 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
Üýtgetmeler:
- Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda 949 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurluşygy tamamlanan binalary we desgalary kabul etmeklik. Esasy düzgünler» atly TGK 3.01.02-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran MB-01 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Gurluşygy tamamlanan binalary we desgalary kabul etmeklik. Esasy düzgünler” atly TGK 3.01.02-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda:
- ikinji böleginiň on ýedinji bendinde
“Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2007-nji ýylyň 18-nji iýulynda 440 san bilen bellige alnan, “Ýaşaýyş jaýlary” atly 2.08.01-06 belgili Türkmenistanyň Gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2006-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran MB-99 belgili buýrugy;” diýen sözleri “Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda 927 san bilen bellige alnan, “Ýaşaýyş jaýlary” atly TGK 2.08.01-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 21-nji awgustynda çykaran MВ-66 belgili buýrugy;” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
2) 8.5 bendiniň bellik bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Ýaşaýyş jaýlaryny ulanmagyň kepillik möhleti Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda 927 san bilen bellige alnan, “Ýaşaýyş jaýlary” atly TGK 2.08.01-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 21-nji awgustynda çykaran MВ-66 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Ýaşaýyş jaýlary” atly TGK 2.08.01-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda azyndan iki ýyl diýlip bellenilmelidir.».
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!