Öň olaryň öýleriniň niredediginem bilemokdym. Käwagt redaksiýada, köplenjem ýolagçy awtoulagynda sataşýardy. Teleradioýaýlymlardaky çykyşlaryndan, metbugat neşirlerindäki makalalaryndan folklorçy, edebiýatçy alym Gurbanjemal Ylýasowadygyny tanaýardym. Bir gün ol duralgada otyrdy. Saglyk-amanlyk soraşdyk. Görnükli alym Zylyha Muhammedowanyň döredijiligi hakynda gyzyklanýandygymy aýtdym. Onuň bile işleşen kärdeşlerinden kimlere ýüz tutsam gowy maglumat alyp biljekdigimi maslahat soradym.Mähribanlyk bilen Zylyha Muhammedowanyň adyna öwgüli sözler aýtdy. Ol barada gürrüň berip biljek alymlaryň birnäçesini salgy berdi. «Halypam Zylyha Bakyýewna barada özümde-de kän ýatlamalar bar. Öýümize geläýiň» diýip, telefon belgisini aýtdy. Soň jaňlaşsam, öýleri öýümizden uzakda-da däl eken. Şonda ol:
— Zylyha Bakyýewnany 1970-nji ýyllarda aspirantlyk döwrümde tanaýardym. Duşan wagty salamlaşýardym, ýöne şeýle agramly, sowatly alymyň ýanyna baryp ýörmäge çekinýärdim. 1974-nji ýylda dissertasiýa goramak pursadym geldi. Işimi okap syn ýazmak üçin 1-nji opponent ylymlaryň doktory gerek boldy. Ýaşuly alymlaryň birnäçesine ýüz tutdum, emma gyssagarada synçy tapylmady. Aljyrap ýörkäm, Zylyha Muhammedowany salgy berdiler. Bardym, ýagdaýymy aýtdym. Bir hepde wagt galypdy, ýaýdanýardym. Ol meni ýitirip tapan ýaly garşylady. «Alada etme, syny ertire çenli ýetişdirerin, gelip alyp gidersiň» diýdi. Öýüniň dört diwary kitap bolup dur. Kitaplara seredip aňk bolup durun. «Görüber kitaplary, ýöne ýene-de alan ýeriňde goýgun. Hersiniň ýeri bellengidir» diýdi. Aleksandr Bloguň goşgular ýygyndysyny sowgat berip, iň gowy görýän şahyrydygyny aýtdy. Begenjime olardan ganatly ýaly gaýtdym. Ertesi syny almaga baranymda «Bir gijelik ukusyny köýdürdim» diýip müýnürgäp bardym, emma onuň şeýle bir keýpi kök eken. «Tüweleme, keýgim, gowy iş edipsiň ýaýdanma, hemme zat gül ýaly bolar» diýip ýola saldy. Aýdyşy ýaly boldy. Şondan soň ol durmuşda-da işimde-de maslahatçym boldy. Ol hakyky alym, dil biliminiň şamçyragydy. Özem dogruçyl, sadadan türkana zenandy. 1992-nji ýylda onuň 70 ýaş ýubileýi bellenildi. Şonda alymlar yzly-yzyna çykyş etdiler. Edebiýatçy alym Durdymuhammet Nuralyýew: «Şeýle äpet, goýazy alym hakda gürrüň etmäge ejiz gelýän, bu iş örän jogapkärli, şonuň üçin ýaýdanyp ýördim» diýip söze başlapdy. Şol gezekki çykyşda akademik Myrat Annanepesow Zylyha Bakyýewnany iň soňky gezek soramaga baranda onuň «Şeýle bir ýaşasym gelýär» diýen sözlerini ýatlady hem-de «Zylyha käbir adamlar ýaly ylma sokulyp gelenlerden däl, ylym Zylyhadan akyp çykýar» diýipdi. Bu ajaýyp sözler häzire çenli ýadymdan çykanok. Dogrudanam, bu şeýle. Ol ylma tüýs berlen, «hakdan içen» alymlardandy. “Ilden üýtgeşik geýneýin, özüme üns bereýin” diýip, pikir eden zenan däldi. Sadadan ýönekeý geýnerdi, eşige berjek puluny kitaba sarp ederdi. Onuň pikiri-hyýaly ylymdy. Ilki bilen onuň äpetligi, goýazylygy, mähribanlygy makalalaryny öwran-öwran okamagyma iterdi. Ol örän kän ylmy hem gazet makalalaryny ýazdy, ýöne ömrüniň dowamynda on kitaba degip duran ýekeje kitap çykartdy, emma «kitap çykardyp bilemok» diýip kemsinmedi. Makala ýazmak bilen meşgullandy. Onuň makalalary uzyn-uzyn ýürege düşgünç makalalar däl, gysgadan owazlanyp durandyr. Okanyňda: «Täsin sözler bu üýtgeşik zenanyň galamynyň ujuna gelip duran bolmaly» diýen pikir döredýär. Makalalaryndaky ýöredilýän pikirler örän ýerlikli, akgynly, şireli, goýazy. Onuň makalalarynyň köpüsi türkmen diliniň taryhy, edebiýaty, türkmen diliniň leksikasy hem terjime meselelerine bagyşlanandy. Makalalary edil poeziýany ýatladyp dur. Akgynly, owazly, deňeşdirmelere baý. Zylyha Muhammedowanyň barlaglary netijesinde halkyň dilinden ýazylyp alnan Kemine şahyryň köne golýazmalarda duş gelýän goşgulary-da halka ýetirildi. Ol Mämmetweli Keminäniň goşgular ýygyndysyny rus diline terjime etdi. Muňa onuň «Keminäniň goşgulary rus dilinde», «Keminäniň sosial deňsizlik hakyndaky pikirleri», «Много в мире добрых, много в мире злых» atly makalalary aýdyň subutnama. Zylyha Muhammedowa arap, pars, iňlis, nemes, fransuz dillerinden baş çykarýardy. Şonuň üçin ol birnäçe halkara ylmy forumlara gatnaşyp, çuň mazmunly ylmy dokladlar bilen çykyş edýärdi. Onuň ýazan ylmy işleri türkmen dil biliminiň ösüşine önjeýli goşant boldy. Alymyň ylmy işleri Türkiýe, Germaniýa, Finlýandiýa, Polşa ýurtlarynyň dillerinde çap edildi.
Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany Zylyha Muhammedowanyň terjimesinde 1949-njy ýylda ilkinji gezek Moskwanyň «Sowetskiý pisatel» neşirýatynda rus dilinde neşir edildi. Eser 1949-1984-nji ýyllar aralygynda ençeme gezek täzeden neşir edildi. Şol döwürde başga dillere terjimeler rus diliniň üsti bilen amala aşyrylýardy. Zylyha Muhammedowanyň terjimesi arkaly «Aýgytly ädim» romany dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Alymyň terjimäniň hili, çeper terjimäniň neneňsi bolmalydygy baradaky gymmatly maglumatlar berýän makalalary şu günki günde hem ýaş terjimeçilerimiz üçin örän uly mekdepdir. Ol durmuşda göreşip ýaşamaga ukyplydy, erjeldi. Kynçylyklary irginsiz zähmet bilen ýeňmegiň nusgasydy. Belki, asly gaýratly maşgaladan bolany üçin şeýledir. Zylyhanyň hossarlary goşgy-gazalyň tüýs aşygy bolupdyr. Garry enesi Mätäjiniň ençeme goşgularyny ýatdan bilipdir. Garry atasy Tekemämmet aga sowatsyz bolsa-da, ýüz ýaşynda-da ýatkeşligini ýitirmän, Keminäniň goşgularynyň aglabasyny aýdyp berer eken. Ejesi ussat halyçydygynyň daşyndan, «Şasenem-Garyp» dessanyny, ýene-de birnäçe eserleri üýşmeleňde ýatdan aýdyp berer eken. Olaryň öýi oba adamlarynyň agşamlaryna ýygnanyp, dessan okaşýan ýeri bolupdyr. Dessanlaryň kyssaly ýerlerini labyzly, gazallary hiňlenip okamak şol ýerdäkileriň endigine öwrülipdir. Zylyha Bakyýewna: «Çagalygymdan Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ürç edip okardym. Kalbymda Magtymgulynyň şygryýeti ýerleşen ýalydy» diýip gürrüň bererdi. Ol Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň golýazmasyny ylmy taýdan anyklanlaryň biri – diýip gürrüň berdi. Ol barada birnäçe makala ýazandygyny aýtdy. Onuň her bir aýdýan gürrüňi çeper eser okan ýaly täsir etdi. Zylyha Muhammedowanyň belent adamkärçiligi, işjanlylygy, döredijilige çemeleşişi hakynda aýdýan gürrüňleriniň üsti bilen kän zatlary öwretdi. Şol gezekki gürrüňdeşlikden soň onuň özüniňem juda sowatly, meşhur adamlaryň mekdebinde terbiýe alandygyna has-da göz ýetirdim. Ol diýseň işjanly, ylma berlen hakyky alym. Metbugat sahypalarynda çap bolýan makalalaryny okap döredijiligini içgin öwrenip başladym. 2005-nji ýylda «Türkmen halk yrym-ynançlary» atly kitaby, ýene-de alym Amangül Durdyýewa bilen bilelikde taýýarlan «Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi» atly ýygyndysy neşir edildi. Şolardan «Türkmen halk nakyllary», «Ependi», «Türkmen halk ertekileri» (durmuşy hem haýwanlar hakdaky tomlary) we başga-da birnäçe kitaplary redaktirlemäge gatnaşdy. 2014-nji ýylda akademik Baýmuhammet Garryýewe bagyşlanan «Ylma we bilime siňen ömür» atly kitap halka ýetirildi. Şol kitapda onuň alyma bagyşlanan iki makalasy rus we türkmen dillerinde ýerleşdirildi, şeýle hem, ol kitabyň redaktory boldy.
Onuň ylmy makalalary, esasan, akademiýanyň ylmy žurnalynda, şeýle hem, ýurdumyzda çap edilýän dürli žurnallarda, ýygyndylarda neşir edildi. 2019-njy ýylda TYA-nyň «Ylym» neşirýatynda «Beýik Ýüpek ýoly: medeni gatnaşyklar we türkmen halkynyň ruhy dünýäsi» atly monografiýasy, 2021-nji ýylda «Toý aýdymlary» atly çapa taýýarlan ýygyndysy neşir edildi. 2016, 2017, 2018, 2019, 2022-nji ýyllarda «Türkmen arhiwi» žurnalynda şahsyýetlere bagyşlanan makalalary yzygiderli neşir edilip, okyjylara ýetirildi. Mundan başga-da onuň makalalary Türkiýe, Angliýa, Germaniýa ýaly daşary ýurtlarda hem çap edildi. Şeýle hem, ol 2017-nji ýylda pedagogika boýunça okuw kitabynyň iki tomuny redaktirledi.
Onuň okyjylarynyň känligine makalalaryna gelýän seslenmeler anyk subutnama. Ynha, oňa käbir mysallar: «Türkmenistan» gazetiniň 2022-nji ýylyň 22-nji martynda çap bolan «Gadymy dessurlaryň dabaralanmasy» atly makalasyna:
Bahar däp-dessurlaryny,
Soramaň siz öňňeden!
Size Nowruz paý bolsun,
Gurbanjemal ýeňňeden –
«Mugallymlar gazetiniň» 2023-nji ýylyň 21-nji awgust sanynda çap bolan Medeni miras — müdimi miras» atly makalasyna:
Çetde galmaz Gurbanjemal ýeňňemiz,
Miras hakda gürrüň bolsa çalaja.
Ondan köp zat öwrenmeli ýene biz,
Göz degmesin, dakaweriň alaja! –
ýa-da «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2024-nji ýylyň 22-nji martynda çap bolan «Nowruz geldi zemin üzre ýylgyryp» atly makalasyna:
Gaýnadyň siz semeni,
Torba dürtüň iňňäni.
Bilmeseňiz, okaň siz,
Köpi görüp, diňläni,
Alymlaryň oňlany —
Gurbanjemal ýeňňäni – diýip goşgy bilen ýazylan seslenmelerden onuň makalalarynyň näme hakyndadygyna hemem okyjylar tarapyndan neneňsi garşylanýandygyna göz ýetirip bolýar. Makalalaryna degişli şeýle seslenmeler bolsa başga-da kän. Alymyň köptaraply döredijiliginiň islendigi hakynda-da gürrüň etmek gyzykly, ýöne meniň üçin onuň meşhur şahsyýetlerimiz hakynda ýazan makalalary, ýatlama gürrüňleri has ýakyn tema. Ýüzbe-ýüz görmedik beýik-beýik alymlarymyz, sungat wekillerimiz hakynda aýdýan ýatlamalary geljekki nesiller üçin öwrenilmeli aýratyn tema. Ol görnükli magtymgulyşynas, akademik Baýmuhammet Garryýew, professor Mäti Kösäýew, filologiýa ylymlarynyň doktory Rahman Rejebow we başga-da ençeme meşhur adamlardan tälim alan alym. Mekdep güýçli bolanda onuň terbiýesem üýtgeşik bolýar. Halypalarynyň inçelik bilen öwreden ylym-bilim hem durmuş terbiýesi şägirdine hökman geçýär.
Gurbanjemal gelnejäniň halypalary hakynda ýazan makalalaryny kän okaýan. Mäti aganyň 110 ýyllygy mynasybetli ýazan «Mirasa teşne halypanyň baý hazynasy» atly makalasyny okanym ýadymda. Şeýle bir däne-däne edip arhiw ýazgylaryny öwrenipdir welin, entek eşitmedik maglumatlarymyzy anyk çeşmeleri bilen şänik döwen ýaly düşündirip subut edipdir. Hatda Mäti aganyň gyzy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Kümüş Kösäýewanyň aýtmagyna görä, çagalarymyza «Türkmen halk ertekisi» diýip öwredip ýören «Böwenjik» atly ertekimizem Mäti aga döreden ekeni. Gurbanjemal gelneje arhiw çeşmelerindäki maglumatlary düýpli öwrenýär. Üstesine-de ol talyp wagty Mäti aganyň elinde okapdyr. Şonuň üçin ýörite öýlerine baryp mugallymy Mäti aga hakyndaky gürrüňlerini diňledim. «Mäti aga türkmeniň «peşeneli, nurana ýaşuly» diýýän ýaşulularynyň hilindendi. Orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryny tabşyranymda Mäti agany ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gördüm. Öň diňe kakamyň hemem okuwçykam mugallymlarymyň gürrüňlerinden, onuň çapa taýýarlan kitaplaryndan bilýärdim. Türkmen edebiýatyndan giriş synaglaryny tabşyranymda, beren jogaplarym göwnünden turan bolara çemeli: «Gyzym, orta mekdepde edebiýatdan kim okatdy?» diýip sorapdy. Başlangyç synplarda Salamat Rejepowanyň, soňky synplarda bolsa Annamuhammet Hojageldiýewiň okadandygyny aýtdym. «Ol mugallymlary tanaýan, gyzym. Azaplary ýerine düşüpdir, berekella, saňa bäşlik» diýdi. Begenjimden guş kimin uçdum. Mäti Kösäýewi ikinji gezek 1961-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen edebiýaty sapagyndan kursumyzy okatmaga girende gördüm. Mugallymyň eýläk-beýläk seretmesi ýokdy, köplenç aşak seredip gürlärdi. Ol ilkinji sapagymyzy talyplar bilen tanyşlyk açmak, olaryň atlarynyň näme many aňladýandygyny düşündirmek bilen başlady. Maňa gezek gelende: «Gyzym, sen gurban aýynda doglan bolmaly, «jemal» bolsa gözelligi, owadanlygy aňladýar» diýipdi. Onuň okadan sapaklary beýnimde edil kino ýazgylary ýaly galypdyr. Häzirki wagtda-da biri «Men türkmen müçe ýyllary boýunça ýylymy bilemok» diýse, Mäti aganyň öwreden:
Ýyl başy syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan,
Ýylky, koý, bijin, takyk, it, doňuz boldy tamam –
– diýen setirleri boýunça öwretmäge synanyşýaryn. Ol okadan wagtynda sapagyň nähili tamamlananlygyny duýmazdyk. Talyplyk ýyllarymyzdan soňra-da Mäti aga bilen gatnaşygymyzy kesmändik, habarlaşyp durýardyk. Daýym Gurbandurdy Esenow bagşydy, bäş-alty sany aýdymy radionyň arhiw ýazgysynda-da bar. Bir gezek gürrüňçilikde Mäti aga şol bagşyny gowy görýändigini aýtdy. Şondan soň daýym gezelenje gelende, kursdaşym hemem aýdym-sazyň teşnesi ýanýoldaşym Berdinyýaz Rahmanow derrew gidip, Mäti agany alyp geldi. Mugallym şeýle bir begendi. Bagşy daýym bilen ýakyndan tanşyp, onuň aýdymlaryny diňläpdi. Gurbandurdy daýym öýümize ýygy-ýygydan gelerdi. Bizem Mäti mugallymy öýmüze çagyrardyk. Bir gezek oturlyşyklaryň birinde aýdylan aýdymlar, Mäti aganyň okap beren labyzly goşgularynyň ýazgysy häzirem şahsy arhiwimde bar. Şol gymmatly ýazgyny Türkmen döwlet arhiwine tabşyrdym. Olar magnitofon lentasyndan ýazyp alyp, lentany yzyna gaýtardylar. Ol ýazgyny käwagt diňleýän hemem Mäti agaly ýatlamalary hakydamda aýlaýan. Soňky gezek mugallymy hassahanada ýatyrka görüpdim” diýip gürrüň berdi.
Arada Gurbanjemal gelnejeden Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýew hakynda soradym. Bilýänlerini gürrüň berdi. Şonda öýlerine barsam işden gaty ýadaw halda geldi. Ýylgyryp gadyrly garşy aldy, ýöne ýadawlygyny ýüzünden okabermelidi. Ol şonda «XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi» atly kitabyny çapa taýýarlaýandygyny aýtdy. Ondan bäri kän wagt geçenok. Iki hepde mundan öň: «Akgül jan, hökman öýe gel! Kitap paýyňy alyp git!» diýip jaň etdi. Barsam şeýle bir begençli ýagdaýda otyr, söz bilen düşündirer ýaly däl. «Çaga wagtlarymyz öýmüziň diwarynda akja matanyň üstünden Magtymguly Pyragynyň suraty asylgy durardy. Kakam pahyr her nahardan soň Pyragynyň suratynyň öňüne geçip aýat-töwir okardy. Menem içimden pikirlenýän, Magtymgulynyň setirlerti ýadyma düşýär: “Eý, ýaranlar, ýat ediň haýr-u dogada bizni”… Ýakynda dogduk obama gidip geldim. Ýedi sany goýun alyp, birini Muhammet pygamberiň, birini Magtymguly Pyragynyň, galanlaryny enem-atamyň, ýanýoldaşymyň, oglumyň hemem beýleki ýakynlarymyň adyna sadaka berdim. Obadan gelip, işe bardym welin, kitabymyň çapdan çykanyny aýtdylar. Bolsa-da, Magtymguly janyň 300 ýyllyk toýuna niýetlän sowgadym ýetişäýdi» diýip, aýat-töwir okady-da: «Indem nesip bolsa, «Akademik Baýmuhammet Garryýew – görnükli folklorşynas» diýen kitabymy iň bolmanda elektron görnüşde çapa taýýarlajak. Maňa indi başga zat gerek däl. Dünýeden ötemsoň çap bolsa-da, kitaplam indiki nesiller üçin taýýar dursun» diýip meýilleşdiren işleri hakynda gürrüň berdi.
Öýe gelemsoň, onuň ýürek ýazgysyny ýazyp sowgat beren kitabyny okadym. Kitapda has-da täsir galdyran bir parça bar. 1995-nji ýylda neşir edilen «Magtymgulynyň golýazmalaryny yzarlap…» atly kitapda, halk içinden toplanan maglumatlaryň esasynda «Ýary ýardan aýyran» atly goşgynyň Magtymguly Pyragynyň goşgusy diýlip okyjylara ýetirilendigi anyk maglumatlar bilen düşündirilýär. Soňra-da ol setirleriň goşgy düzüliş düzgünlerine asla gabat gelmeýändigi nygtalýar. Dünýä belli akyldaryň onuň ýaly setirleri ýazmajakdygy şeýle bir anyk hem düşnükli delillendirilip seljerme berlipdir. Hakykatdanam beýle setirleri filosof şahyryň döredijiligine dahylly etmekligi özüm-ä alym bolmasamam, kabul edip biljek däl. Sadaja okyjy hökmünde Gurbanjemal gelnejäniň pikirini dogry hasap etdim. Oňa bu barada pikirimi aýdyp, “Bolsa-da gönümellik bilen aramyzda ýaşap ýören kärdeşleriňize-de dogry belligiňizi aýdypsyňyz. Döredijilik jedelliräk bolanda ösýär» diýdim. Ol: «Pikirimi ýaşyryp, aýtmasam, Magtymguly jany ynjydaryn, her gün diýen ýaly düýşüme girip dur ahyry» diýdi. Berekella, gelneje! Täze kitabyňyzyň höwri köp bolsun!
Ol halypalaryna kärdeşlerine juda hormat goýýar. Olaryň maşgala agzalary bilen häzirki günde-de ýakyn gatnaşyk saklaýandygyny aýtdy. Birbada ýadadaýmaýyn diýip, her gezek baranymda bir halypasy hakynda soraýan.
«Altmyş ýedi ýaşynyň elli iki ýylyny türkmen ylmyny ösdürmeklige, dünýä ýaýmaklyga bagyşlan Baýmuhammet halypa Magtymgulyny öwrenijileriň ilkinjileriniň biri. Şahyryň umman ýaly döredijiligini düýpli öwrenip, ençeme makalalar, kitaplar ýazdy. Magtymgula bagyşlap ýazan ýüzlerçe makalasy hem-de ylmy monografiýalary bar. Dürli temalarda: «Magtymgulynyň täze eserleri we halk rowaýatlary», «Magtymguly hakynda halk rowaýatlary», «Beýik halk şahyry Magtymguly Pyragy», «Magtymgulynyň syýahatlary», «Magtymguly magaryfçy hökmünde», «Magtymguly we onuň watançylygy», «Magtymgulynyň dili hakynda», «Magtymguly Pyragy», «Magtymguly we bagşylar», «Magtymgulynyň dile bolan garaýşy», «Magtymguly, döwri, terjimehaly», «Magtymguly we Nowaýy», «Magtymguly we epos-dessanlar», «Magtymguly Watan hakynda», «Magtymguly metbugatda», «Magtymgulynyň dana sözleri», «Magtymgulynyň Germaniýada çap edilen diwany», «Magtymgulynyň Londonda saklanýan diwany hakynda» «Magtymguly watançylyk hakynda» we başga-da sanardan kän ylmy makalalary ýazdy. Baýmuhammet Garryýew işlerinde Magtymguly Pyragy barada iş eden alymlaryň işlerine hem dogry baha berýär. Şahyryň şygyrlarynyň halk döredijiligi bilen baglanyşygy hakda jaýdar pikirler aýdýar. Ol tä aramyzdan gidýänçä, şahyryň döredijiligi boýunça iş alyp bardy. Rus dilini suwara bilýän, on bäş ýaşyndan başlap, terjimeçilik bilen meşgullanan alym Magtymgulynyň şygyrlarynyň terjimelerini bir ýere toplap, kitaplar çykartdy. Zähmetsöýer alym dürli ýurtlaryň arhiwlerinde işläp, Magtymguly Pyragyny dünýä ilkinji gezek tanadan syýahatçylar, alymlar hakyndaky maglumatlary, olaryň eden işleri baradaky ýazgylary ilkinjileriň biri bolup türkmen okyjylaryna ýetirdi. Hatda alymyň özi hem Magtymgulynyň goşgularynyň ençemesini rus diline geçiripdir. Şahyryň «Ýagmyr ýagdyr, soltanym!» goşgusynyň terjimesini «Дождя, дождя, мой султан!» diýip, şeýle çeper atlandyrmagy onuň ussat terjimeçiliginden habar berýär. Şeýle yhlas siňdirilip terjime edilen şygyrlar alymyň tutanýerli zähmetiniň diňe bir ülüşidir» diýip, onuň döredijiligi barada kän gürrüň berdi. Ol gürrüňleri bir makalada ýerleşdirmek mümkin däl.
Gurbanjemal Ylýasowa häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bibliografiýa bölümi tarapyndan Gurbanjemal Ylýasowanyň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan bibliografiýa görkezijisi 2019-njy ýylda çap bolupdy. Öz ýanymdan hasaplap gördüm welin, ýene sanlyja günlerden onuň özüniňem doglan gününiň segsen ýyllygy. Onuň dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna niýetläp taýýarlan kitabynyň çapdan çykmagy öz doglan güni üçinem sowgat edilen ýaly boldy. Ol 1944-nji ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň merkezinde gullukçy maşgalasynda doglan. 1961-nji ýylda Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebi tamamlap, häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Okuwy tamamlandan soň Tagtabazaryň etrap merkezindäki 1-nji türkmen-rus mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlaýar. 1969-1971-nji ýyllarda aspiranturanyň doly kursuny geçip, 1974-nji ýylda akademik Baýmuhammet Garryýewiň ýolbaşçylygynda «Türkmen halk döredijiliginde maşgala däp-dessur poeziýasy» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1972-1979-njy ýyllar aralygynda Türkmen ensiklopediýasynda kiçi ylmy redaktor, ylmy redaktor bolup işleýär. Türkmen ensiklopediýasynyň 3, 4, 6,7, 8, 9,10-njy tomlarynda makalalary çap edilip, awtorlaryň hataryna goşulýar. 1979-1990-njy ýyllar aralygynda TYA-nyň şol wagtlarda Şaja Batyrowyň adyny göterýän Taryh institutynda kiçi ylmy işgär, ylmy işgär, uly ylmy işgär bolup işleýär. 1990-njy ýylda TYA-nyň şol wagtky Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň folklor bölümine işe geçip, folklorçy halypalaryň arasynda milli mirasymyzy öwrenmeklige girişýär. 1990-2003-nji ýyllar aralygynda, şol institutda uly ylmy işgär, bölüm müdiri bolup işlän döwründe halk döredijiliginiň taryhyny ýazmaklyga, ýygyndylar taýýarlamaklyga gatnaşyp, dürli žanrdaky halky eserler barada makalalar tapgyryny ýazdy. «TYA-nyň habarlary» žurnalynda, şoňra «Türkmenistanda ylym we tehnika» žurnalynda edebiýatyň we taryhyň dürli meselelerine bagyşlanan, folkloryň öwrenilmedik žanrlary bolan agylar, yrym-ynançlar, alkyş-dilegler, gelin salamlary, tüýtatynlar hakdaky we beýleki makalalarynyň ýigrimiden gowragy neşir edilip okyjylara ýetirildi. 2004-nji ýyldan Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda esasy ylmy işgär bolup işläp işini dowam edýär. 2005-nji ýyldan Türkmenistanyň Milli medeniýet «Miras» merkeziniň, şol bir wagtyň özünde Milli golýazmalar institutynyň halk döredijiligi bölüminiň müdiri bolup işleýär. Ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki ylmy maslahatlaryň 30-dan gowragyna gatnaşyp, tezislerini çap etdirdi, şeýle-de ylmy-amaly maslahatlaryň ýüzlerçesinde çykyş etdi. Işlän döwrüniň dowamynda Halk maslahatlarynyň we Ýaşulular maslahatlarynyň onlarçasyna gatnaşdy. Altmyş ýyla golaý ylmy-döredijilik işiniň dowamynda ylmy-terbiýeçilik häsiýetli hem ylmy we ylmy-populýar häsiýetli makalalaryň 500-den gowragy çap edildi. Şeýle hem, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy hökmünde welaýatlarymyzyň kärhanadyr edaralarynda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, radio-teleýaýlymlarda yzygiderli çykyş edip gelýär. Ýakynda onuň bilen Magtymguly Pyragy hakynda taýýarlanan söhbetdeşligi «Owaz» radioýaýlymyndan diňledik. Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginiň agzasy hökmünde hem ol kän iş alyp bardy. 2013-nji we 2017-nji ýylda ýurt Baştutanymyzyň Karary boýunça milli mirasy toplamak we öwrenmek maksady bilen welaýatlara ugradylan toparlaryň ýolbaşçysy hem işjeň agzasy hökmünde ol Lebap welaýatynda ýigrimi günlük, Mary welaýatyna üç tapgyr on günlük ylmy sapara ugradyldy. Ol saparyň netijesi boýunça taýýarlanan iki tomlugyň çapa taýýarlaýjylarynyň esasylarynyň biri. Russiýada üç gezek, Eýran Yslam respublikasynda iki gezek ylmy döredijilik iş saparynda boldy. Kämillere gol beren ussat folklorçy döwletli maşgalanyň eýesi. Onuň üç ogly, bir gyzy, on agtygy, on çowlugy bar. Onuň durmuş hem zähmet ýolunda toplan baý tejribesi maşgala terbiýesinde hem uly ähmiýet berýär. «Görnükli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Rahman Rejebow halypalarymyzyň halypasy. Belli alymlar Abdyrahman Mülkamanow, Tejen Nepesow, Şamuhammet Halmuhammedow, Babyş Mämmetýazow, Kaka Salyh, Durdumuhammet Nuralyýew, Muhammetnazar Annamuhammedow, Baba Weliýew, Şamuhammet Gandymow, Amangül Durdyýewa dagylar ony özleriniň halypalary hasaplardylar. Sebäbi Rahman Rejebow olaryň alyp barýan ylmy işlerinde halypalyk kömegini gaýgyrmazdy. Zähmet çekmekden hiç wagt ýadamadyk alym wagty bisarpa tutmazdy, boş gürrüňlere sarp etmezdi, adamlar bilen gadyrly salamlaşykdan soň säher bilen derrew işine başlardy, maslahatyny alýanlara hem diňe işlemeldigini, döretmelidigini aýdardy. Galam, kagyz, kitap onuň iň ýakyn syrdaşlarydy, hemrasydy — diýip, halypalardan öwrenen terbiýe mekdebim hakynda maşgala agzalarymyza-da hemişe gürrüň berýän.
Häzirki döwürde TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowanyň dissertasiýasyna Rahman aganyň synçy bolup çykyş edeni ýadymda. Şonda uniwersiteti bile tamamlan kursdaşym Käbe ýanyma gelip, «Ýolbaşçym Mäti Kösäýew meni Rahman Rejebowyň ýanyna iberdi, ol meniň işime ilkinji synçy bolmaly, barybilmän ýaýdanyp ýörin» diýdi. Käbä «Hiç ýaýdanma, çekinme, ol örän mähriban, adamkärçilikli adam, ýöne kän geplemeýär. Hakyky ylym adamlary geplemezek bolýar diýýärler» diýdim. Soň ol: «Alymyň ýanyna baranymda, ol meni mähirli garşylady. «Geçiň, oturyň!» diýdi-de, temam barada sorady. Çekinjeňlik bilen «Alyşir Nowaýynyň obrazy türkmen folklorynda» diýen temadan iş ýazandygymy aýtdym. Şonda halypa: «Siziň öň ýanyňyzda hem bir ýigit gelip, synçy bolmagy sorady. Men oňa razylyk bermedim, edepsiz hasapladym, gürleşende elleri jübüsinde, gepleýşem hondanbärsi. Beýle adamlary halamaýan. Ine, seň işiňe bolsa synçy bolmaga razylyk berýän, arkaýyn bol, gyzym!» diýdi — diýip gürrüň berdi. Ynha, halypalar bilen bagly şeýle ýatlamalaryň özi ýaşlar üçin görelde mekdebi. Şeýle beýik halypalaryň terbiýelän, bilim beren şägirtleri halkymyzyň tanymal adamlary bolup ýetişdiler» diýip, olaryň birnäçesiniň atlaryny buýsanç bilen aýtdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, folklorçy, edebiýatçy alym Gurbanjemal Ylýasowada gyzykly gürrüňler kän. Halkymyzyň geçmiş ýaşaýşyndan habar berýän çeper gymmatlyklarymyz bolan eposdyr dessanlarymyz, rowaýatdyr ertekilerimiz, şorta sözdür ýomaklarymyz, aýdymdyr matallarymyz, hüwdüdir toý aýdymlarymyz, monjugatdydyr lälelerimiz, mahlasy bularyň ählisi hakynda ol juda kän zatlar bilýär. Ol milli ruhy hazynamyz — folkloryň muşdagy.
Akgül Saparowa.