Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu gümrük nokady uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bilen goňşy Özbegistanyň we üstaşyr hyzmatlardan peýdalanýan beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak we goşmaça binalary gurmak işini «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bardy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin şu ýylyň iýulynda Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanmaga berlen 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýy hem şu hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlupdy.
Binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde gurluşyk işleriniň topar ýolbaşçysy Seýran Berkeliýew bu ýerde umumy meýdany 456 inedördül metr bolan täze dolandyryş binasynyň, 486 inedördül metr meýdany eýeleýän ulag serişdelerini we harytlary resmileşdirmek işi amala aşyrylýan binalaryň ikisiniň, 966 inedördül metr meýdanda awtoulaglara gümrük barlagy geçirilýän gözegçilik bassyrmalarynyň ikisiniň, gulluk itleriniň saklanýan ýeriniň, Türkmenistan hem-de Özbegistan tarapyndaky derwezeleriň ikisiniň, ýene-de birnäçe durmuş-tehniki maksatly desgalaryň gurlandygyny gürrüň berdi.
Onuň aýtmagyna görä, öň bar bolan desgalaryň birnäçesiniň durky düýpli täzelenip, gümrük nokadynyň umumy meýdany 5,2 gektardan 10 gektara çenli giňeldildi. Bu ýerde ýurdumyza gelýän awtoulaglar üçin ýörite duralga hem orun berildi, gümrük nokadynyň umumy çägi boýunça uzynlygy 1 müň 500 metre deň bolan germew guruldy.