JEMGYÝET

Gül bilen güldan bile ösýär

Indi ekin ekmek üçin ep-esli ýeri harçlap oturmagyň geregi hem ýok. Oýlanyp tapylan täsin güldanlar ösümlik bilen bile «ösýär».

Londondaky «Aýaskan» studiýasy tarapyndan döredilen güldanlaryň esasy aýratynlygy ösümlik bilen deň ösüp, ulalyp bilýänligidir. Güldanyň ösüşini onuň ýüzündäki nagyşdan bilip bolýar. Has takygy, yzygiderli ösüş netijesinde ösümlik görnüşini üýtgedýär. Onuň görnüşiniň üýtgeýşine görä, güldandaky nagyşlar hem özgerýär. Organiki we organiki däl gurluşlary birleşdirýän innowasiýa arkaly işlemegi bazarda güldanlyga bolan islegi artdyrýar. Gyzykly tarapy, güldanlykda ösümligiň köküniň hem endigan ösmegi üçin şertler bar.

Tebigatdaky ähli ösümlikleriň daşky gurşawa uýgunlaşýandygyny, ösýändigini, gülläp, guraýandygyny, topraga siňýändigini we täzeden döreýändigini aýdýan dizaýnerler: «Täze güldanlygyň bu ýagdaýa çemeleşmesi tersine. Onda zatlar döredilýär, ulanylýar we soňra işini ýitirýär. Ösümligiň boýy örän möhümdir. Şonuň üçin origami galyndysy seresaplylyk bilen ölçelýär, tebigatyň ösdürmek we üýtgetmek ukybyna öýkünilýär. Bu ukyplarynyň hemmesi öndürilen önüme geçýär» diýip, onuň işleýiş tertibini düşündirýärler.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady