DÜNÝÄ

Görelde alaýmaly şäher

«Tjournal» saýtynyň ýazmagyna görä, 2019-njy ýylda Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde soňy heläkçilik bilen tamamlanan ýekeje ýol hadysasy boldy. Onda hem sürüji ulaga erk edip bilmän, ýoluň kenaryndaky diwara baryp urdy. Şäherde ýylyň bütin dowamynda şondan başga bellige alnan ýekeje-de ýol hadysasy ýok. Munuň özi juda seýrek, hatda ozal gabat gelinmedik ýagdaýdyr.

Aslynda, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça ýurtda indi ençeme onýyllyklardan bäri maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bu hadysalaryň sany ýyldan-ýyla azaldy. Anyk maglumatlara salgylansak, ýurtda 1970-nji ýylda 560, 1985-nji ýylda 482, 2019-njy ýylda bolsa 110 adam ýol hadysalaryndan heläk boldy. Bu görkezijiler dünýäniň käbir şäherleriniňkiden hem azdyr.

Aýdylyşyna görä, ýurduň şäherlerinde ulaglaryň tizligine ýokary derejede üns berilýär. Paýtagtyň merkezindäki magistral ýollaryň uzaklygy azaldylýar, ulaglaryň sazlygyna birinji nobatda üns berilýär. Paýtagtda ilatyň köpçülikleýin welosiped ulanmagy bolsa esasy sebäpleriň biridir.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy