DÜNÝÄ

“Google”-den täze web sahypa

“Google” internet kompaniýasy täze görnüşli ýiti respirator keseli üçin ýörite web sahypasyny döretdi. Peýdaly we ýönekeý interfeýsi bolan web sahypasynda köp maglumat ýerleşdirilipdir. Häzirki wagtda diňe iňlis dilinde bolan web sahypasy ýakyn günlerde dürli dillere terjime ediler.

Iňlis dilindäki web sahypasynda şu maglumat bar:

– täze görnüşli koronawirus keseli (COVID – 19) bilmeli zatlar (umumy maglumat beriji maddalar, alamatlar, goramagyň usullary we bejergileri);

– koronawirusdan goranmak boýunça maslahatlar;

– epidemiýa döwrüni aňsatlaşdyrmak üçin dürli teklipler;

– Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus maliýeleşdirmegine hemaýat etmek;

– “Google” boýunça soňky habarlar.

Ýene-de okaň

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi