Dubaý şäherinde “Globe Soccer Awards” baýrak gowşurylyş dabarasy boldy.
«Ýylyň iň gowy futbolçysy» ugrunda baş baýrak “PSŽ” klubynyň futbolçysy Usman Dembelä nesip etdi. Şeýle hem bu baýraga Witinýa (“PSŽ”), Kilian Mbappe (“Real”), Rafinya we Lamin Ýamal (ikisi hem “Barselona”) dalaşgär boldular.
«Ýylyň iň gowy tälimçisi» ugurda “PSŽ” klubyndan Luis Enrike ýeňiji boldy. Şeýle hem Habi Alonso (“Real”), Mikel Arteta (“Arsenal”), Hans-Diter Flik (“Barselona”) we Entso Mareska (“Çelsi”) hödürlenipdi.
«Ýakyn Gündogaryň iň gowy oýunçysy» baýragy “Al-Nasr” klubynyň futbolçysy Kristiano Ronalda gowşuryldy. Şeýle hem bu ugurda Karim Benzema (“Al-Ittihad”), Salem Al-Dosari (“Al-Hilal”), Riad Mahrez (“Al-Ahli”) we Kriştianu Ronaldu (“Al-Nasr”) bäsleşdiler.
«Ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy» baýragyny “PSŽ” klubynyň futbolçysy Dezire Due aldy. Şeýle hem dalaşgärleriň hatarynda Pau Kubarsi (“Barselona”), Žoau Neweş (ikisi hem “PSŽ”), Arda Güler (“Real”) we Kenan Ýyldyz (“Ýuwentus”) bardy.
«Ýylyň iň gowy hüjümçisi» baýragy “Barselona” klubyndan Lamin Ýamala gowşuryldy. Şeýle hem Usman Dembele, Hwiça Kwarastheliýa (ikisi hem “PSŽ”), Kilian Mbappe (“Real”) we Rafinya (“Barselona”) bu ugurda görkezildi.
«Ýylyň iň gowy ýarymgoragçysy» baýragy “PSŽ” klubynyň futbolçysy Witinýa berildi. Şeýle hem Jud Bellinhem (“Real”), Žoau Neweş (“PSŽ”), Koul Palmer (“Çelsi”) we Pedri (“Barselona”) dalaşgär boldular.
2025-nji ýylyň «iň gowy erkekler topary» diýlip alty kubok gazanan “PSŽ” kluby ykrar edildi. Şeýle hem “Barselona”, “Çelsi”, “Flamengo” we “Liwerpul” bu ada dalaşgär boldular.
“Barselona” klubynyň futbolçysy Lamin Ýamala onuň zehinini bellemek maksady bilen argentinaly öňki futbolçy we milli ýygyndynyň tälimçisi Diego Maradonanyň adyndaky ýörite baýrak gowşuryldy.
«Ýylyň iň gowy milli ýygyndysy» diýlip Portugaliýa ykrar edildi. «Ýylyň iň gowy agenti» baýragyny Žorže Mendeş aldy. «Ýylyň iň gowy sport direktory» baýragy “PSŽ” klubyndan Luiş Kampuşa gowşuryldy. «Ýylyň iň gowy prezidenti» baýragy bolsa “PSŽ” klubynyň prezidenti Nasser Al-Helaifä berildi.
Andres Iniesta we Hidetosi Nakata ajaýyp karýeralary üçin ýörite baýraklar bilen sylaglandy.
«Uly tuwulga» ýaryşlarynyň 24 gezek ýeňijisi bolan tennisçi Nowak Jokowiç ajaýyp türgen hökmünde Globe Sports Award baýragyny aldy.
Şeýle hem ýörite baýrak öňki “Liwerpul” klubynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Diogu Žotanyň ene-atasyna gowşuryldy. Ol 3-nji iýulda dogany Andre Teyşeýra da Silwa bilen bilelikde Ispaniýada ýol-ulag heläkçiliginde aradan çykypdy.
Dabaranyň dowamynda 2024/25-nji ýylyň möwsüminiň jemleri boýunça La Ligada hem baýraklar gowşuryldy. Iň gowy tälimçi diýlip Hansi Flik (“Barselona”), iň gowy futbolçy diýlip Rafinya (“Barselona”), iň gowy ýaş oýunçy diýlip Lamin Ýamal (“Barselona”) ykrar edildi.
