JEMGYÝET

Ginnesiň rekordy: 10 çaga dünýä inderdi

Ginnesiň rekordlar kitaby üçin täze rekord hasaba alyndy. Ol hem bir gezekde iň köp çagany dünýä inderen zenan boldy. Günorta Afrikaly Gosiame Sitola bir gezekde 10 çagany dünýä inderdi.

Ýerli metbugatyň habaryna görä, 37 ýaşyndaky zenan bir gezekde 10 bäbek dünýä indirip, rekord goýdy. Ol bir aý mundan ozal Marokkoda 9 bäbek dünýä inderen Halima Jisseden öňe saýlandy.

Günorta afrikaly zenan 7 erkek we 3 gyz bäbegini dogurdy. Bäbekleriň saglyk ýagdaýynyň kanagatlydygy mälim edildi. Bu zenanyň ozal hem 6 ýaşynda ekiz gyz çagays bar.

Ilkinji barlaglarda zenan 8 çaga garaşýardy. Emma 10 bäbegi dünýä indermek oňa aňsat düşmedi.

 

Towuk ýumurtgasynyň peýdasy

 

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy