ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Arada bir toýa bardyk. Toýa Türkmenistanyň at gazanan artisti Gerek Hojamämmedowada barypdyr. Saçak başynda bile oturdyk. Geregiň ýüzüne seredip otyryn welin, meşhur artist, režissýor (jaýy jennet bolsun!) Juma Ýazmyradowyň bir aýdan gürrüňi gaýta-gaýta hakydamda aýlandy. «Mukamyň syry» filmde döreden Karkara keşbi bilen milli kino sungatymyzyň taryhyna giren ussat artist Ýelizaweta Garaýewa hakynda: «Liza Garaýewa häzir altmyş ýaşdan geçdi, ýöne men oňa şu mahalam ýigrimi iki ýaşly gyzyň keşbini ynanyp biljek» diýipdi. Şol sözleri ýatlap oturyşyma öz ýanymdan Juma aga dogry aýdypdyr. Onuň bu sözleri Gerek üçinem aýdylan ýaly. Şunuňam ýaşy altmyş bolmasa-da elli ýaşdan-a geçendir» diýip çakladym, ýöne köpçülikde özünden sorap durmagy gelşiksiz gördüm. Soň onuň terjimehalyny öwrendim, 1974-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Garadegiş geňeşliginde doglupdyr. 1997-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynda drama teatrynyň we kino aktýory hünärinden bilim alypdyr. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Sebäbi onuň kino sahnasynda-da, teatr sahnasynda-da döreden keşpleri kän. Onuň hakyky ady Baýramtäç, ýöne Gerek ady bilen has gowy tanalýar.

Men ony ilkinji gezek «Ahmyr» atly filmde surata düşen keşbinde gördüm. Şol wagtlar neşe belasynyň halkymyzyň käbir maşgala ojagyna apat bolup gelen wagtlarydy. Hernä geçdigi bolsun. Neşä garşy göreşip döredilen şol filmde, ony ýolundan azaşan oglunyň agyr ykbalyna ýanyp, saçlary agaran, gözleriniň şuglasy öçen elli-altmyş ýaşlaryndaky enäniň keşbinde görenimde oňa şeýlebir nebsim agyryp gynandym. Hat-da onuň duýga gaplanyp duran gözlerini synlap göz ýaşymy saklap bilmedim. Şonda öz ýanymdan şeýle agyr ýagdaýy öz  gerdeninde-de çekendir, ýogsa munuň ýaly keşbi beýdip döredesi ýok — diýip pikir etdim. Emma bu pikirimi aýdamda onuň kärdeşleri: «Ýok, tüweleme Geregiň gowy durmuşy bar. Eger ol döreden keşbi bilen tomaşaça şeýle täsir eden bolsa, onda bu onuň sahna ussatlygynyň subutnamasy. Gerek şol filmde otuz bir ýaşynda, özem gyzjagazy alty aýlyk bäbekkä surata düşdi» diýip gürrüň berdiler.

Soň bir gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň baş ýolbaşçysy Handurdy Berdiýewiň ýazyjy Gylyçmyrat Kakabaýewiň eserine sahnalaşdyran «Watan hakda üç aýdym» atly sahna oýnuna tomaşa etdim. Şol sahna oýnunda Gerek Hojamämmedowa obasyna ýagy  çozup, söweşde ata-enesi, dogan-garyndaşlary ýogalyp ýetimlikde galan Gymmat atly gyzyň keşbini döretdi. Ol gyz bir enäniň elinde ulalýar. Enäniň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Ogultäç Hannyýewa pahyr oýnapdy. Gymmady şol obanyň adamlary «Nyýazdepäň balasy» diýip söýgüläp saklaýarlar. Geregiň şol sahna keşbini ýatlamda häzirem damagym dolýa. Onuň ýakyn hossarlaryny, obasyny küýsäp:

«Ýör gidäli däli göwün,

Gara daglara, daglara.

Derdimi egseli bu gün dogan-eý,

Jiger daglaýa, daglaýa…» diýip, zaryn owazda aýdýan aýdymy gulagymda ýaňlanyberýä. Söweşdäki aýylganç gyrgynçylygy görüp biraz kellesi üýtgäniräk gyzyň hereketlerini, aýdýan sözlerini biparh diňlemek mümkin däl. Ol ýalňyz galanda mähir-söýgi berip ulaldan hemme adamlary özüniň ýakyn hossary saýyp ulalýar. Berdimyrat han oňa jigim diýensoň, Gymmadam oňa agam diýýär. Berdimyrat han söweşde ölýä. Şonda Çary batyr: «Berdimyrat, Berdimyrat» diýip gygyranda Gymmadyň:

«Oturan ýerine top oky düşdi. Gujagymda kän elene-elene, «Mert bol, aglama» diýip ýalbaryp gitdi. Soňky demde pitjiň atyp pelege: «Häk, bolmad-ow» diýip başyny ýaýkap, han dogan çalaja ýylgyryp gitdi» diýip aýdýan sözlerini şeýle bir aýdýar welin,  gözüňe ýaş aýlananyny duýman galýaň. «Her agşam çaýkanyp ugranda kelläm, ol atyn säpjedip öýmüze gelýär. Ene-ene ýene geldi eziz dogan. Sypaýy ädimläp öýümize girip, ganat baglap, bendiwan bir guş bolup, ol eziz höwürtgä dolanan ýaly. Salyhatly salam beren ýaly ol. Bir sergezdan saýyl geýmine girip, dünýä maýyl bolup duran ýaly ol…» diýip, dowamly aýdýan sözleri bar. Iň soňunda: «Berdimyrat dogan, ýurduňa baryp syn etdiňmi ba:ka seredip siňe, ýa intizar bolup boýnuňy burup, henizem garaşyp ýatyrmyň maňa…» diýip öli bilen gürleşýän ýerinde Gurbanmyrat Işan: «Ýüregimiň parasy, galamyň garagöz balasy, sütün-sütün merdi-merdanlar gitdi» diýip köşeşdirjek bolanda Gymmat: «Nyýaz depäň, eziz depäň, enemiň-atamyň, doganlarymyň agysyna aglap bilmedim, göz ýaşym gözümde doňup galdy. Indi bir olaryň agysyna arkaýyn aglaýyn-a, Işan aga!» diýende dagy onki süňňüňi elendirýär.

Bu sahna eserindäki döreden keşbi hakynda näçe aýtsaň aýdybermeli. Men hemişe şu hakda oýlananymda Geregiň «Watan hakda üç aýdym» atly sahna oýnundaky döreden şol Gymmat atly gyzyň keşbi artistiň özüne-de juda gymmat düşendigini bilýän. Tomaşaçy bolup näçe günläp täsirinden çykyp bilmedim. Oýun tamamlanansoň, oňa sag bolsun aýdyp gowşurylan gül çemenleriniň gözli şaýady boldum. Şonda tomaşa zalynda oturan ýerimden onuň birde «Ahmyr» atly filmdäki döreden ak saçly ene  keşbi, birdenem ýap-ýaňyja sahna-da döreden ýaş gyzyň keşbi şeýlebir oýlandyrdy. Onuň durmuşdaky hakyky keşbini göresim geldi. Döredijiligi diýseň gyzyklandyrdy.

Bir gezek kärdeşlerinden Gerek sahna oýunlaryndaky aýdýan aýdymlaryny özi aýdýarmy?— diýip soradym.

— Elbetde, özi aýdýar. Ol bagşynyň agtygy. Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulow Geregiň babasy — diýip gürrüň berdiler. Ine, şondan soň onuň bilen gürrüňdeş bolup babasy hakynda ýatlamalaryny diňledim hemem Nurberdi Gulow hakynda ýazan makalama goşdum.

Gerek bilen gürrüňdeş bolanyňda kalbynda babasy Nurberdi Gulowyň «Sonam geldimi» aýdymy aýdandaky ýaly joşgunlylygyň badyny görýän. Ol gözleri ýanyp duran dogumly, ýöne juda adamkärçilikli, düşünjesi ýetik ýerlikli zenan. Özümi gyzyklandyrýan sowallar bilen oňa kän ýüzlendim. Çeper gürrüň berýär.

«Nesil» gazetinde işleýän wagtlarymdy. Dürli kärde zähmet çekýän, okaýan ýaşlaryň arasynda guralýan duşuşyklara köp gatnaşýardym. Bir gezek gürrüňdeşlikde harby institutyň talyplarynyň biri: «Watançylyk ruhundaky terbiýeçilik ähmiýetli «Watan hakda üç aýdym» atly sahna oýnuna tomaşa etdik. Şol oýna gatnaşýan artistler bilen duşuşyk guramak isleýäs. Esasanam Gymmadyň keşbini döreden artistiň şol oýundaky aýdýan monologyny diňläsimiz gelýä. Ol döredýän keşbiniň dünýäsine lükgeligi bilen girip ýaşaýan eken. Oýun gutaransoň, sahnadan çykyp haçan özüni durmuşdaky ýaly duýup bilýärkä?» diýip sorady. Bilmedim, jigim, özünden sorasaňyz aýdar — diýip jogap berdim.

Ondan bäri kän wagt geçdi. Men Geregiň döredijiligine aýratyn hormat goýýan muşdaklarynyň biri. Onuň döreden keşpleriniň ählisine diýen ýaly tomaşa etdim. Onuň «Türkmen owazy» teleýaýlymynda surata düşürilen şekilli aýdymlardaky keşpleri-de az däl. Türkmenistanyň halk aristi Tirkiş Mätnazarowyň ýerine ýetirýän «Uýalarym», Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiýewiň aýdýan «Seniň adyňda» we başga-da aýdymlardaky döreden keşpleri juda ýerine düşüpdir. Hakyky durmuş wakasy göz öňüňde janlanýar. Kino sahnalarynda döreden keşplerini ýatlamda bolsa «Nejep oglan» atly ýene bir ajaýyp filmde döreden keşbi bada-bat göz öňüme gelýär. Teleýaýlymda köplenç görkezilýän bu filme her gezek uly höwes bilen tomaşa edýän. Geregiň şol filmde döreden Sona gelniň keşbindäki hereketleri, aýdýan sözleri, ýüz keşbi bilen şeýlebir sazlaşýar welin tolgunma gaplanyp oturýaň. Ene duýgusyny tomaşaça juda güýçi ýetirýär. Ýekeje bir pursaty ýatlaýyn. Onuň ýan ýoldaşy Elbent bagşa ýüzlenip: «Bagşy…» diýýän ýeri bar, şonda dagy Elbent bagşa şeýlebir ýigrenç döredýär. Ol keşp döredende tomaşaçyny öz dünýäsinde ýaşadyp bilýär. Film tamamlanansoň Geregiň döreden kino hem sahna gahrymanlary hakynda oýlanýan. Her bir döreden keşbi özboluşly häsiýetde hakydaňa gelýär. «Bäşinji hazyna» filminde obada traktor ýaryşy geçirilýär diýip dowul ýaýradyp ýören gybatçy zenanlar bilen ylgap gelşi, «Gumly gelniň aýdymy» filmde perzentsizlik dagyny çekip ýören gelniň gamgyn keşbi, filmiň soňunda adamsy, oguljygy bilen  tebip zenana gabat gelip duşuşýan şadyýan pursady gerez, başga-da «Haly rowaýaty», «Ömür kerweni», «Gyzyl alma», «Durmuş pursatlary», «Galkynyş», «Awazanyň aýdymy»… atly sahna hem kino eserlerinde döreden keşpleri kän. Men onuň daşary ýurt sahna eserlerinde döreden keşplerine-de kän tomaşa etdim. Alp Arslan teatry iň kän barýan medeni ojaklarymyň biri. «Alty gelin», «Ak ýigit we Zümerret», «Hüwdi», «Ak gämi»… bu sahna eserleriniň hemmesi daşary ýurt eserleri. Onuň bu sahna oýunlarda döreden dürli häsiýetdäki keşpleri biri-birine düýbünden meňzemeýär. Şonuň üçin olaryň ählisi ýatda galyjy keşpler.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň sahnalaşdyran «Hüwdi» atly sahna oýnundaky artistleriň dürli häsiýetdäki keşplerini ýatlanyňda olaryň ählisem ussatlyk bilen keşbi häsiýetlendiripdir. Ine, şol oýunda Geregiň döreden keşbem juda şowly çykypdyr. Onuň şol oýunda döreden köp çagaly bagtyýar enäniň keşbi ýadyňa düşende biygtyýar ýylgyrýaň. Jak-jak gülüp «Dünýäni sil alsada azaryna däl» diýdirýän giň häsiýetli, arkaýyn enäniň öz täsin häsiýeti bilen maşgala terbiýesine göreldesi aý dogan ýaly açylyp görkezilýär. Geregiň şol keşbindäki häsiýetini görüp köp çagaly ene bolmaly eken diýýäň.

Emma onuň gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» eserine sahnalaşdyrylan oýundaky gazaply, göräýmäge rehimsiz dözümli ene keşbini ýatlanyňda düýbünden başgaça pikirlendirýär. Şular dogrusynda gyzyklanyp ýakynda Geregiň ýanyna ýörite söhbetdeşlige bardym. Ol:

— Ilki bilen-ä «Ak gämi» sahna oýnunda bile oýnan kärdeşlerim biri-birinden ussat artistler. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Akmyrat Arçykow, Gülşat Meňliýewa nähili güýçli artistler, beýleki artistlerem olardan pes oýnanoklar. Galyberse-de esasy bir zady aýdasym gelýär. Teatrymyzda doganlyk gyrgyz, gazak, özbek, tatar halklarymyzyň wekilleri bilen bir dogan ýaly bolup bile işleýäs. Olar paýtagtymyzda ýaşap ýören raýatlarymyz bolansoň, türkmençiligem, öz halkynyň däp-dessurlaryny, taryhyny gowy bilýärler. Onsoň her bir keşbi döredemizde olardan maslahat soraýas. «Ak gämi» sahna oýnundaky keşbimiziň häsiýeti barada-da kärdeşimiz Urmatkan Meläýewa bilen kän maslahatlaşdyk. Urmatkany men juda gowy görýän. Sungat üçin berlen zenan. Bilýän zadyny jany-teni bilen ýaşlara öwredesi gelýär» diýip gürrüň berdi. Geregiň esasy bir aýratynlygy kärdeşleriniň zähmetine, zehinine ak ýürekden buýsanyp bilýär. Ýene bir ýagdaýyny aýratyn belläsim gelýär. Gürrüňdeş bolup otyrkak oňa «Watan hakda üç aýdym» sahna oýnundaky monologyny aýdyp bermegini haýyş etdim. Ol aýdyma hiňlenip başlady-da keşbiň dünýäsine nädip gireninem duýmady. Agy gatyşykly şeýlebir täsin ses bilen gürläp başlady welin, ýüz-gözi düýbünden üýtgäýdi. Dogrymy aýtsam, birden gan basyşy galyp ýykylaýmasyn diýen pikire getirdi. Tolgunma gaplanyp birdenem bogazy doldy-da biraz durdy, hernäçe özüni ele alyp aýtjak boldy emma bolmady. «Biraz köşeşeýin» diýip, soňra-da gözi ýaşly gürrüň berdi. Gaty täsirli oýun bolupdyr. Türkmen halkymyzyň arasynda ösüp ýetişen gahrymanlaryň, edermen il ogullarynyň özboluşly nesil sazlaşygy, nesil dowamaty ýaly töwerekleýin pikirleri özünde jemleýän bu sahna eserde diňe bir geçmişiň däl, şu günüňem watançylyk pelsepeleri çuňňur beýan edilýär. Spektaklda hereket edýän gahrymanlaryň ömrüniň üç döwrüni öz içine alýandygy üçin bu eser hakykatdan-da Watan hakda üç aýdym bolup ýaňlanýar. Ol: «Eseriň düýp özeni gowy bolsa, döredýän keşbiňem şowly çykýar. Elbetde, režissýoryňam irginsiz yhlasyny aýtman geçmek bolmaz, ýöne şol keşbi döredemde eseriň awtory Gylyçmyrat aganyň käbir aýtmaly jümlelerime düzediş girizen ýerleri bar. Şu wagt onuň bir aýdan gürrüňi ýadyma düşdi. Gymmadyň öli bilen gürleşýän sözlerini aýdamda: «Gerek, şol sözleri ýoýman aýtgyn. Ol sözler meniň öz ýüregimiň agysydyr» diýipdi. Onuň özüniňem jahyl ogly ýogalan eken. Döredijilikde isleseň islemeseň ýürek sesiň owazyndan iň bolmanda bir parça goşulýar. Ejem pahyr dünýeden gaýdan wagtlarydy. Gymmadyň keşbine taýýarlyk görýän pursatlarymda Gylyçmyrat aganyň aýdan şol gürrüňleriniň täsirine hasam göz ýetirdim — diýdi. Onuň ünsüni bölmek üçin meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň «Keç pelek» sazyny döredişi hakynda režissýor Bilbil Mämmedowyň sahnalaşdyran «Kalp tary» sahna oýnundaky aýdýan aýdymyny aýdyp bermegini soradym. «Eje meni üwresene şol köneje sallançakda, Çaga bolup aýnajak men sallançakda, sallançakda…» diýip hoş owaz bilen hiňlendi. Aýdym tamamlandy. Şol pursat onuň režissýor Arslan Berdiýewiň sahnalaşdyrmagynda tatar dramaturgy Zaki Zaýnulliniň uruş döwrüniň wakasyndan gürrüň berýän «Alty gelin» atly sahna oýnundaky döreden keşbi göz öňüme geldi. Agyr durmuşy başdan geçirýän zenanlaryň arabany itip kösenip ýören pursady göz öňümde janlandy. Öz ýanymdan ýurt asudalygynyň belli bahasy ýok. Hernä Hudaý jan abadan ýurdumyzyň asuda durmuşy dowamly bolsun. Durmuşda-da sungat eserlerimizde-de ene hüwdüsiniň hoş owazy ýaňlanyp dursun — diýip dileg etdim.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri