ATAWATAN ESERLERİ

Geljegiň ösüşi-sanly ulgamda

Eýsem, sanly ulgam näme? Ol kompýutere gerekli programma üpjünçiligini ýükläp, alysdaky kompýuterlere internet tory arkaly elektron serişdeleri bilen baglanmakdyr. Sanly ulgam edara-kärhanalaryň arasynda internet tory arkaly elektron resminama dolanyşygynyň ýa-da belli bir aralykda programma üpjünçiliginiň elektron görnüşiniň kömegi bilen aragatnaşykda bolup, amallary ýerine ýetirmekdir. Indi Internet näme?! diýen sorag jogap bereliň.

Internet – bu bütindünýä kompýuter ulgamynda kompýuterleri bir-birine baglanyşdyrylan ulgamydyr. Ol kä halatlarda maglumat ýoly (Web), ýa-da ýöne bir Net hem diýilýär. Adamlar bu tora birikdirilen kompýuterlerden maglumat alyp bilerler. Bu torlaryň torudyr. Maglumatlar sözlerde, sanlarda, suratlarda hem-de sazlarda bolup bilerler. Şonuň üçin hem umumylykda sanly ulgam diýlip, atlandyrylýar.

Sanly uglamyň taryhyna ser salsak, onda sanly ulgamyň ýüze çykmagyna ilkinji nobatda 1942-nji ýylda Pensilwan uniwersitetiniň Mura elektrotehnika mekdebinde professor Jon Mauçli ilkinji elektron hasaplaýyş maşynynyň (EHM –niň) taslamasyny hödürlemegi sebäp bolýar. Hut şonuň esasynda hem ilkinji kompýuterli äleme aýak basylýar. Oňa ENIAC (Electronic Numerical Integrator and Computer) diýip at berýärler. Emma ABŞ-niň Goranmak gullugynyň barlag laboratoriýasy gyzyklanýança bir ýyla golaý taslama heretsizligine galýar. 1943-nji ýylda bolsa Mauçliniň we Ekkertiň ýolbaşçylygynda ilkinji kompýuteri (ENIAC) döretmekligiň üstünde işläp başlaýarlar, maşynyň gözden geçirilişi 1946-njy ýylyň fewral aýynyň 15-ne geçirilýär. Şeýlelikde, şowly çykan bu taslama örän çaltlyk bilen kämilleşmäge başlaýar.

Kompýuteriň I nesli 1946-njy ýylda döredilip ol kompýuteriň aýratynlygy wakum-lampaly tehnologiýada işleýänligidir. Berlenleri girizmek we çykarmak üçin perfolentadan we perfokartadan peýdalanylypdyrlar. Kompýuteriň bu nesli howa maglumatyny anyklamakda, energetiki meseleleri çözmekde şeýle hem goranmak ulgamynda peýdalanylypdyr.

Kompýuteriň II nesli 1951-nji ýylda döredilipdir. Bu kompýuterler tranzistrler bilen işläpdirler. Bular ýokary ygtybarlylygy, ýokary işjeňligi, lektroenergiýany az sarp edýänligi bilen tapawutlanypdyrlar. Bu nesle degişliler ýokary derejeli programirleme dillerinde işlemeklik mahsusdyr.

Kompýuteriň III nesli  1964-nji ýylda döredilip integral shemasy esasynda işleýär. Bu nesliň döremegi bilen ýady, kompýuteriň gurluşlaryny dolandyrýan Operasion ulgam hem döredilýär. 60-njy ýyllaryň başlarynda kompýuteriň mini görnüşleri döredilip satuwa çykarylyp başlanýar. 1971-nji ýylda garaşylmadyk ýagdaýda ilkinji mikroprosessory döredilip, uly açyş edilýär.

Kompýuteriň IV nesli  1975-nji ýylda uly integral shemeler esasynda döredilýär. Kompýuteriň bu nesline degişliler işleýiş çaltlygy ýokary, ýadynyň göwrümi birnäçe Megebaýtdyr. 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda kompýuteriň 2 görnüşi: birnäçe prosessorly superkompýuterler hem-de personal kompýuterler ulanylyp başlanyldy.

Soňra XXI asyryň başlarynda has hem ylymyň ösmegi bilen sensorly netbooklar, notebooklar,Ultrabookslar peýda bolup başlaýar.

Kompýuterleri smartfon görnüşinde ulanmaklygyň netijesinde, hemme ýerde ýanlary bilen göterip başlamak, aragatnaşyk, surat we wideo düşürmek we bu maglumatlary derrew alyş-çalyş etmek, şeýle hem maglumat gözlemek aňsat boldy. Indi, “Ýolda” – we öýde ýa-da işde ulanylýan  ähli enjamlar dünýäniň iň täze gazanan tehnologiýalaryň önümi bolup durýar. Giňden ýaýran 4G 5G , Wi-Fi we güýji az sarp edýän soňky kompýuterler, iphon, smart telefonlar ýakyn güýçde işleýän ykjam çipler, internetiň ewolýusiýasynyň bu tapgyrynda möhüm faktorlara öwrüldi. Galyberse-de, wagtyň suw  deýin akýan,  tehnologiýanyň göz-açyp ýumasy salymda ösýän döwründe diňe bir kompýuterler dal eýsem, akylly ykjam telefonlar, akylly sagatlar, akylly öýler hatda akylly şäherler ulanyşa girizilip başalandy.

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňden görüjilikli parasatly syýasaty esasynda biziň ýur­du­myz­da hem 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy tap­gyr­ma-tap­gyr dur­mu­şa ge­çir­il­ýär.

Ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, mu­gal­lym­la­ryň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor mu­gal­lym­lar, şeý­le-de ýaş­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dyn­da san­ly bi­lim por­tal­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. San­ly bi­lim por­ta­ly elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da, şol san­da bi­lim ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk edil­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Çün­ki ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim–ter­bi­ýe­çi­lik, ylym, sport, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri­ni ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li öz­gert­me­le­ri, ösüş­le­ri giň­den şöh­le­len­dir­mek­de san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Şo­nuň ýa­ly­-da, äh­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da san­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bi­len ders­ler bo­ýun­ça döw­re­bap elekt­ron okuw-usu­ly top­lum­lar, elekt­ron okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, wi­deoau­dio­wziual ma­te­ri­al­lar, in­te­r­ak­tiw-mul­ti­me­dia prog­ram­ma­la­ry, okuw-gör­kez­me es­bap­la­ry, mag­lu­mat ki­tap­ça­la­ry dö­re­dil­ýär.

Az wagtyň içinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna çenli sanly ulgam ähli pudaklarda mäkäm orun eýeläp, “Akylly” ulgamlar eýýäm Aşgabadyň täze ýaşaýyş toplumlarynda ornaşdyryldy. Ahal welaýatynda giň gerimli sanly ulgamy öz içine alýan ilkinji akylly şäheri döretmäge milli Liderimiziň ak pata bermegi, şol bir wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerine bedew ýyndamlygy bilen giňden ýaýradylmagy bizi has hem buýsandyrýar.

Akylly şäherde ekologiýa abadançylygy berkarar bolup, simsiz tehnologiýalar, sensor görkezijiler, internet ulgamy ulanylýan häzirki döwürde munuň özi hyýalbentlik däl-de, täzeçe şäherleşmekdir, bu täzeçillikler ylmy-tehnologiýa ösüşleri, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy, sanly ykdysadyýetiň hem-de bilimler jemgyýetiniň döredilmegi bilen biziň durmuşymyza ornaşýar. Her bir akylly şäherde akylly öýler, her bir ynsanda hem ösen tehnologiýalaryň önümi bolan akylly ykjam telefonlar, akylly sagatlar hereket edýär.

Ähli pudaklaryň sanly ulgama geçmegi bilen bir hatarda türkmenistanlylaryň durmuşynda hem ýagny iňlis dilinde “Smart House” diýip atlandyrylýan “Akylly öý” ulgamy öz ulanyjysyna internet ulgamyndan peýdalanyp uzak aralykdan öýdäki elektrik enjamlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly wezipeleri ýerine ýetirýän, bize şeýle bagtyýar ajaýyp zamanada ýaşamaga, netijeli işlemäge, şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülälek Seýitliýewa,

Mary etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň

himiýa-biologiýa mugallymy

 

40 milliard ýewrolyk maýa goýum

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri