JEMGYÝET

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti Awazada geçiriler

Garaşsyz Döwwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammitiniň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriler. Türkmen tarapy bu sammiti iri halkara forumlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikde belläp geçdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz ozalky duşuşyklaryň netijelerinden görnüşi ýaly, şeýle formatlarda özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň hem-de baýlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de türkmen tarapynyň bu çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz döredijilikli, netijeli, özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we ynanyşmagyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny emele getirýändigini aýratyn nygtady hem-de döwletara hyzmatdaşlygy ýokary derejä ýetirmekde Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň uly hyzmatynyň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenko türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşandy we tagallalary netijesinde Türkmenistanda uly abraýdan peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna hut öz adyndan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri geljek ýylda Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygynda Federasiýa Geňeşiniň işiniň has-da netijeli boljakdygyna, Russiýanyň bähbidine we onuň halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluga we özara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz geljek ýylda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleriň geçiriljekdigine we olaryň netijeleriniň türkmen-rus gatnaşyklaryny täze derejelere çykarjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hoşniýetli sözler we iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

“Makul Sözlük” – “Ýylyň Makul Sözi-2026”: Yhlas