Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit kompaniýasy (NIOC) bilen Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama gol çekildi. “TASS” habarlar gullugynyň “Tasnim” habar agentligine salgylanyp beren habaryna görä, bu möhüm resminama laýyklykda, rus kompaniýasy Eýranyň gazyp alynýan pudagyna 40 milliard dollarlyk maýa goýumlaryny özleşdirer.
Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Mohsen Hojastemehriň bellemegine görä, taraplar Demirgazyk Pars tebigy gaz känini we Kiş adasyndaky ýataklary özleşdirmek boýunça ylalaşdylar. Rus tarapy bu taslamalara 10 milliard dollar gönükdirer.
– Bu ähtnama Eýranyň nebit senagatynyň taryhyndaky iň iri daşary ýurt maýa goýumy hökmünde kabul ediler. Ol Russiýadan Eýranyň nebit we tebigy gaz ýataklaryna onlarça milliard dollar maýa goýumlarynyň çekilmegine getirer – diýlip, bellenilýär.
Taraplar “Gazprom” tarapyndan 6 nebit ýatagyny özleşdirmek boýunça ylalaşyp, şeýle hem başga bir iri taslama rus tarapynyň 15 milliard dollar gönükdirmegi boýunça özara ylalaşyga geldiler.
“Gazprom” köp ýyllardan bäri Eýranyň nebitgaz pudagyndaky taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärdi. Rus kompaniýasynyň wekilhanasy Eýranda hereket edýär.
Türkmenistan bilen daşary ýurt hyzmatdaşlary ulag babatda ylalaşyklara gol çekişdi