DÜNÝÄ

Gazak we gyrgyz ministrler bilen telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşigiň barşynda taraplar türkmen-gazak gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki döwletiň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli we ynamly syýasy gepleşigiň ähmiýetini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary taraplaryň ýokary derejede gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere görülýän taýýarlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri gazak kärdeşini hünär baýramy — Gazagystan Respublikasynyň diplomatik gullugynyň güni bilen gutlady.

***

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Şöhbetdeşligiň dowamynda taraplar golaýda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini belläp geçdiler.

Ministrler döwlet baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda pikirleri alyşdylar we syýasy-diplomatik ugur, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini belläp geçdiler. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi hem nygtaldy.

Taraplar özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny şeýle-de taraplaryň ikisiniň hem ýokary derejede gatnaşmagynda meýilleşdirilýän halkara çärelere görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Türkmen we türk daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy