DÜNÝÄ

Gazagystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Gazagystanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle-de şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegi bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

Abraýly sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şonuň ýaly-da halkara ähmiýetli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde, şeýle-de köptaraplaýyn düzümleriň formatynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň guralmagynyň zerurlygyny beýan etdiler.

Duşuşygyň çäklerinde, Ilçi Askar Tažibaýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy hem-de özüniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesini amala aşyrýan döwründe türkmen-gazagystan gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

 

Türkmenistan öňüni alyş çäklendirmelerini ýeňilleşdirýär

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy