DÜNÝÄ

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ýük gatnawy

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe üstaşyr ýük gatnawy ýola goýuldy. Bu ugurda ilkinji konteýner otlusy Gazagystandan ýola çykyp, Türkmenistan we Eýranyň çäginden geçip, Türkiýe tarapa ugur aldy.

Şeýle üstaşyr ýük gatnawynyň ýola goýulmagy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeleriniň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň yzysüre Gazagystanyň Prezidenti hem Eýranda saparda bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ulgamy eýýäm ençeme ýyldan bäri hyzmat edip gelýär. Bu ýoluň gatnawynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda soňky hepdelerde amala aşyrylan saparlaryň çäklerinde üstünlikli gepleşikler geçirildi.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe üstaşyr ýük gatnawynyň ýola goýulmagynyň dabarasyna Eýranyň we Gazagystanyň Prezidentleri onlaýn tertipde gatnaşdy.

Ilkinji synag ýük gatnawy 15-nji iýunda Gazagystandan ýola çykdy. Bu ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip, Eýrana bardy. Ol ýerdenem Türkiýä ýola çykdy.

Bu halkara otly gatnawynyň uzynlygy 6336 kilometr bolup, onuň 3185 kilometri Gazagystanyň, 700 kilometri Türkmenistanyň, 1517 kilometri Eýranyň we 934 kilometri Türkiýäniň çäginden geçýär.

Bu ilkinji gatnaw bilen Gazagystanyň kükürdi daşalýar.

Bu ugurda yzygiderli gatnawyň ýola goýulmagy bilen Merkezi Aziýa-Türkiýe ulag geçelgesini kontinental logistika goşmak mümkin bolar, bu bolsa öz gezeginde Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän “altyn” köpri bolup hyzmat eder.

 

 

Birža täzelikleri: amerikaly işewürler tehniki uglerody satyn aldy

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri