JEMGYÝET

Gazagystan TOPH taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Gazagystan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň gurluşygyna gatnaşmak üçin gepleşikler alyp barýar. Bu barada Almaty şäherinde geçirilen “Gazagystan-Owganystan” işewürler forumynda Gazagystanyň energetika ministriniň orunbasary Erlan Akkenžanow habar berdi.

– Uglewodorod serişdeleriniň eksporty we üstaşyr geçirilmegi babatdaky mümkinçilikler ösdürilýär. Merkezi Aziýa sebitinde goňşy döwletlerde tebigy gazyň üstaşyr iberilmegi üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasy munuň aýdyň mysalydyr. Gazka tarapy bu gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär – diýip, wise-ministr Akkenžanow belledi.

Onuň bellemegine görä, Gazagystan bu ugurda türkmen tarapy bilen gepleşikler geçirýär.

– Gazak kompaniýasynyň bu taslama üstünlikli goşulyşmagy tebigy gaz ulgamynda ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikleri açar – diýip, wise-ministr belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana amala aşyran saparynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «QazaqGaz milli kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyga gol çekilipdi.

Şeýle hem setýabr aýynda Gazagystanyň Energetika ministrligi bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilleri boýunça ähtnama gol çekilipdi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi