SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Garpyz – witaminlere baý

Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler ynsan saglygyny goramakda örän wajyp bolup durýar. Tomsuna ýetişýän bakja ekinleri hem bedenimizi bu pasylda zerur bolan witaminler bilen üpjün edýär.

“Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen habara görä, düzüminiň 90 göterimden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin garpyz bu möwsümde teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar.

Garpyz — B, C, E, PP witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitamininiň çeşmesi. Garpyza gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdasy uludyr. Şeýle-de onda demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Garpyzyň süýjüligi bolsa onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar.

Magniý — garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir.

Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekde we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar. Çendenaşa semizlikden ejir çekýän adamlar üçin hem garpyz örän peýdaly.

Bedeniň garpyzyň düzümindäki ýokumly maddalardyr, witaminler bilen üpjün edilmegi üçin garpyzyň dogry saýlanmagy örän möhümdir. Onuň şu aşakdaky ýaly usullary bar:

— deşik, ýaryk, ýagny şikeslenen garpyzdan gaça duruň;

— garpyzyň öte kiçi ýa-da has uly bolmazlygyna üns berilmeli. Ortaça ululykdaky garpyzyň agramy 5 — 7 kilogram hasaplanylýar.

— garpyzyň sapagyna serediň. Bişen garpyzyň sapagy gök bolýar;

— garpyzyň ýere degip durýan ýerinde agymtyl, sary reňk emele gelýär. Şol ýer näçe saralan bolsa, garpyz şonça-da bişen hem süýji bolýar;

— çigitsiz garpyzlar genetiki taýdan üýtgedilen bolýar. Gowy garpyzyň hökman çigidi bolmalydyr;

— garpyzyň etindäki süýümler ak reňkde bolmaly;

— garpyzy kesdirip, bölekläp almak maslahat berilmeýär. Kesilen garpyza mikrob düşýär;

— garpyzy iýmezden öň, onuň daşyny gowy edip gaýnan suw bilen ýuwmaly.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder