SIZDEN GELENLER

Erik kişdeleri we olary taýýarlamagyň usullary

Hormatly Prezidentimiz bereketli topragymyzyň sahabatyny artdyrmak, halkymyzy öz topragymyzda önýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Topragymyzda bitýän dürli oba hojalyk ekinleri diňe bir terligine, gaýtadan işlenilip ulanylman eýsem kişde edilip hem ulanylýan görnüşleri. Halkymyz tarapynda islegli edilýän we ulanylýän kişdeler bolsa ýurdumyzda bitýän erigiň miweleri hasaplanýar.

Erik  bägülgüllüler (Rosaceae) maşgalasyna degişli bolan agaçdyr.

Orta Aziýa we Demirgazyk Hytaý erik agajynyň gelip çykan watany hasaplanýar. Erik baglary sortuna we geçirilýän  agroteniki çärelere baglylykda çalt hasyla durýanlygy, her ýyl ir hasyl berýänligi, ýokary tagamly miwelerini gaýtadan işlemek üçin has ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.

Beýleki miweli baglar bilen deňeşdirilende, eriklere degişli görnüşler ýokary hasylly hem-de gurakçylyga çydamlydyrlar. Erik baglarynyň yssy we gurak howa çenden aşa durnuklylygy sebäpli Türkmenistanda, Özbegistanda we Täjigistanda giňden ösdürilip ýetişdirilýär.

Welaýatymyzda erigiň köp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olardan ilat arasynda has köp ýeişdirilýänleri-Arzami-125, Jerdeli erigi, Isfarak we Hurmaýy eriginiň görnüşleri we Gyzyl ýaňak erikleridir.

Bu erikleriň miweleri terligine we gaýtadan işlenilip ulanman, eýsem ilat arasynda  kişde edip hem ulanylýar. Erikleriň kişde edilýän ýörite görnüşleri bar, bu bolsa erik miweleriniň  bütin ýylyň ilatymyzyň saçagynda bolmagyny gazanyp bolýar.

Erik miwelerinde ýeňillik bilen ereýän şekerler, organiki kislotalar (turşular) saklanýar. Miweleriň düzüminde beloklar ýaglar, mineral duzlar, dubil (eýleýji) we pektin, hoşroý ysly maddalar saklanýarlar. Miwelerde biologiki aktiw maddalar, A, S, PP witaminler saklanýarlar.

Erigiň köp sortlarynyň diňe bir miwe eti ulanylman, eýsem süýji maňzy iýmek üçin ulanylýar. Erik şaniginiň maňzynda 55-58 % erik ýagy, 28 % belok saklanýar.

Adamyň ýylyň dowamynda doly iýmitlenmegi üçin mal, ösümlik önümlerinden miweler we ir-iýmişler has zerur bolup durýar. Erik miwesindäki biologiki aktiw maddalar adam bedeniniň dürli kesellerini bejermeklige ýardam berýär.

Erik miwesini we erik önümlerini yzygiderli iýmek bilen adamyň ýürek gan-damar, ganyň hapalanmagy bilen ýuze çykýan dertleri, aşgazan, içege, beýni keselleriniň wagtyndan öň peýda bolmagynyň öňüni almak mümkindir.

Erik miwesinden dürli görnüşli kişdeleri taýýarlamak gündogar halklarynyň arasynda köp ulanylýar. Kişde edilen erik miweleri yssy we sowuk ýerlerde uzak saklamaga we uzak aralyklara äkitmek üçin örän gabyllydyr.

Erik miwelerine guratmak ýörite meýdançalarda geçirilýär. Ol meýdançalar köplenç erik baglarynyň ýakyn ýanlarynda ýerleşmelidir. Saýlanyp alynan ýörite meýdança göniburçly, suwly ýaply, gowy ýelejereýän bolmaly. Meýdançanyň göwrümi gerekli önümi guradar ýaly möçberde bolmaly.

Kişde taýýarlamak üçin saýlanyp alynan erigiň miwesi ýetişen, sagdyn, keseller we mör-möjekler bilen zaýalanmadyk bolmaly. Reňki gyzgylt sary ýa-da gyzyl, miwesi etlek uly, eti dykyz, şekere we gury maddalara baý bolmaly. Erigiň miwesinden dürli kişdeler taýýarlanýar.

Erik miwesinden edilýän gury kişdeler şu görnüşlere bölmek bolýar: 1-kişde; 2-kuraga (şänikssiz erik kişdesi), 3-kaýsa (şänegi aýrylyp bütünligine guradylan erik miwesi).

Kişde-erik miwesi tebigy ýagdaýda guradylýar. Onuň üçin – öte bişmedik erik miwelerini ýygnalyp alynýar (erik agajynyň şahalarynda guradylýan sortlary hem bar). Olary ala kölege we gowy ýelejiräp duran ýerde (telärläriň aşagynda) guradylýar.

Kuraga – erik miwesiniň ýary guradylan görnüşi. Munuň üçin ýetişen iri erik miweleri saýlanyp alynýar we olar ikä bolünip şänegi aýyrylýar hem-de guradylýar.

Kaýsa – munuň üçin ýygnalan erik miweleriniň şänegini öňünden aýyrmaly soňra guratmaly. Miweden şänegi aýrylanda miwäni kesmän aýyrmaly.Miwe bütin bolmaly.

Kişde etmek üçin erik miweleri elde ýygylýar ýa-da mata tutylyp düýbünden silkilip alynýar. Ýygnalan erikler reňki, ululygy we hili boýunça toparlara bölünýär. Soňra bolsa akar suwda gowy ýuwulýar. Suwda ýuwmak amatly bolar ýaly ýaşikler ulanylýar. Kişde etmek üçin niýetlenen erikler ýuwylandan soň gowy suwy syrkylandan soň 1 inedördül ýere 10-15 kilogram, kuraga etmek üçin 7-14 kilogram. Kaýsa etmek üçin bolsa 6-7 kilogram erik gerek bolýar. Miweleri tekiz ýerde ýa-da tekiz eleklerde bir hatara biri-birine degirmän goýmaly. Gün göni düşmeli däl, ala kölege bolmaly.

Erik miwesinden edilen ähli gury miweleriň iýmitlik hili has ýokary bolýar. Gury miwelerde saklanýan gant örän ýokary bolup olar tebigy “ýagy ýakyjylar”  diýen ady göterýärler. Orta Aziýa döwletleriniň halklary erik kişdelerini “Hudaýyň beren peşgeşi” hasaplap, diňe erik kişdeleri adam bedenini ýaşardyjy, gözelligini we uzak ömür beriji hem-de köp kesellikleri bejeriji gudratly önüm höküminde görýärler. Bu önüme bagyşlanyp ençeme hekaýatlar, goşgular  ýazylypdyr.

Kişde saglyk çeşmesi hasaplanypdyr. Onuň düzüminde ýönekeý we çylşyrymly gantlar, organiki turşylar, doýgun we doýmadyk ýag turşylary, natriý, fosfor, magniý, demir, kaliý elementleri bilen birlikde A, E, С, B1, B6 witaminlerini saklaýar.

Hünärmenleriň tassyklamaklaryna görä, kişdeler az ganlykda we gan aýlanyşy bozulanda, ýaşardyjy hem-de umumy gruplylandyryjy, gözüň görüşi peselen ýagdaýynda ulanylanda şypa berýändigini belleýärler.

Kişdäniň düzümindäki saklanýan magniý duzlary gan basyşynyň kadalaşmagyna getirýär. Erik kişdesi gipertonik keselliler üçin has elýeterli dermandyr. Nädogry iýmitlenmek esasynda ýüze çykýan ganazlygyň käbir görnüşleri üçin erik kişdesi has peýdalydyr.

Erik ösýän sebitleriň ýaşaýjylarynda, erik miwesini köp ulanýandyklary üçin olarda deri keselleri we süňkleriň port bolmagy ýaly keseller seýrek duşýar. Erik miwelerini terligine we kişde görnüşinde iýmek bilen Siz rak keselleriniň öňüni alýarsynyz. Munuň üçin her günde bir adam 100 gram erik iýse ýeterlikdir. Erik kişdesi bedenden peşew çykaryjy häsiýete eýe bolup, kişdäniň suwy bolsa bedendäki çişleri aýyryjy bolup durýar. Kişde suwyny taýýarlamak kyn däldir. Onuň uçin birnäçe erik kişdesi alynýar, olar gowy ýuwulýar. Agşamyna ol kişdeleri bir gapda suw alyp goýýarlar. Ol gaýnadylmaýar şol durşyna ertire çenli durýar. Ertir irden suwy içip kişdäni hem iýäýmeli. Bu suw adamyň ömürini uzaldyjy hasaplanýar. Bu suwy taýýarlamagyň başga usullary hem bar. Meselem, bir stakan erik kişdesini we 1 litr suwy kitre salyp gapagyny ýapyp ýylyja ýerde goýmaly. 15-20 sagatdan soň bu içgini marlydan süzmeli. Suwuny günüň dowamynda içmeli, ýumşan we çişen erik kişdelerini bolsa iýmeli. Umuman erik hümmetli ekindir

 

 

Maral Orazbaýewa,

                oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty,

Döwlet Durdyýew,

Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary

 

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

 

 

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady