DÜNÝÄ

Er-Riýadda rus-amerikan gepleşikleri geçirildi

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýa şäherinde 3 ýyl arakesmeden soňra Russiýa Federasiýasy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Rus-amerikan gepleşikleri 4,5 sagat dowam etdi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şol wagtda sebit we halkara gün tertibiniň wakalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu gepleşiklerde rus tarapy daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem-de Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow bilen wekilçilik etdi.

ABŞ-nyň wekiliýetiniň düzüminde daşary işler ministri Marko Rubio, milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi Maýk Uotls hem-de Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekil Stiw Uitkoff bar.

Şeýle hem gepleşiklere ýer eýeleri hökmünde Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Feýsal bin Farhan Al Saud hem-de milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi Mosaad bin Muhammed Al-Aýban synçy hökmünde gatnaşdy.

Russiýanyň wekiliýetiniň düzümindäki göni maýa goýumlar boýunça rus gaznasynyň başlygy Kirill Dmitriýew iki ýurduň bilelikde hyzmatdaşlyk edip, ähli meseleleri çözüp biljekdigini belledi. Onuň bellemegine görä, rus bazaryndan daşlanan Amerikanyň kompaniýalarynyň ýitgisiniň 300 milliard dollara barabar bolandygy bellenýär. Günbatar döwletleriň maglumat tehnologiýalary kompaniýalarynyň ýitgisiniň bolsa 123 milliard dollara deň bolandygy aýdyldy.

Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Er-Riýaddaky gepleşiklerden kanagatlanma bildirip, iki ýurduň birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmak babatda ylalaşandyklaryny aýtdy. Ähli ugurlarda gepleşikleriň geçirilendigini bellän Uşakow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň duşuşygynyň belli bir senesini bellemek kyndygyny aýtdy.

 

Ýene-de okaň

Seulda ýylyň şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary

Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanda geçirilen diplomatiýa gününe bagyşlanan halkara sergide wekilçilik etdi

Türkmen diplomatlary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Türki Döwletleriň Guramasy integrirlenen söwda giňişligini döreder

Eýranyň ilaty 85 milliondan geçdi