JEMGYÝET

Energetika institutynyň täze goşmaça binalarynyň düýbi tutuldy

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbi tutuldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Dabaraly günde energetika pudagy boýunça ussat hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagy bu bilim ojagynyň professor-mugallymlarydyr talyplary üçin şatlykly waka boldy.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek «Röwşen» hususy kärhanasyna ynanyldy. Resminama laýyklykda, olary 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri