SIZDEN GELENLER

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasy köpugurly häsiýete eýe bolmak bilen, düýp mazmuny boýunça durmuş meselelerine aýdyň gönükdirlendigi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelýär.

Energiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi häzirki wagtyň iň uly çagyryşlarynyň biri bolup durýar. Soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda adamzat taryhynyň bütin dowamyndan hem köp uglewodorod energiýasy peýdalandy. Häzirki wagtda, dünýä boýunça öndürilýän alternatiw energiýa çeşmeleri uglewodorod ýangyjyny doly gysyp çykaryp we sarp edijileri energiýa bilen doly möçberde üpjün edip bilmeýär. Energiýa üpjünçilik şu günki gün durnukly ykdysady ösüşiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Energetika önümçiliginiň ýokary hilli we üznüksiz işi ilata energiýa hyzmatynyň, ýurduň bolsa milli howpsuzlygynyň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şeýlelikde, energiýa howpsuzlygy islendik ýurduň milli howpsuzlygynyň esasy düzüm bölegi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belelýşi ýaly, Türkmenistan häzirki zamanyň geoykdysady şertlerinde bu ýagdaýyň ähmiýetine has doly düşünmek bilen, öz energetika strategiýasyny, şol sanda ony halkara bazarda örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly esasda ýola goýýar. Şunda baş maksat energetika akymlaryny akylly-başly diwersifikasiýa etmekden we olaryň deňagramly esasda sazlaşygyny, howpsuz, ygtybarly görnüşde iberilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Biz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, syýasy derejede hem-de halkara hukuk nukdaýnazaryndan, häzirki ählumumy ösüşiň talaplary, özara bähbitlilik esasynda alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika howpsuzlygy mowzugy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde giň, köpugurly gepleşikleri ýola goýdy hem-de Baş Assambleýanyň yzygiderli kabul eden Kararnamalarynyň birnäçesiniň öňbaşçysy boldy. Şunuň ýaly ilkinji Kararnama 2008-nji ýylda makullanyldy. Şondan bäri energetika howpsuzlygy baradaky mesele energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan täze häsiýete eýe boldy.

Häzirki dünýäde energetika diňe bir ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji bolman, eýsem döwletleriň arasynda ynanyşmagyň, hyzmatdaşlygyň we durnuklylygyň möhüm sütünine öwrüldi. Energiýa serişdeleriniň ygtybarly üpjün edilmegi ýurtlaryň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, sebit derejesinde parahatçylygyň we özara düşünişmegiň saklanmagyna hem güýçli täsir edýär. Hut şu nukdaýnazardan seredilende, energetika howpsuzlygy bilen sebit durnuklylygynyň arasynda berk we aýrylmaz baglanyşyk bar.

Energetika howpsuzlygy bilen sebit durnuklylygynyň arasyndaky baglanyşyk üpjünçilik ugurlarynyň diwersifikasiýasy arkaly has-da berkidilýär. Bir ugra ýa-da bir çeşmä bagly bolmak sebit derejesinde töwekgelçilikleri artdyryp biler. Şonuň üçin birnäçe çeşmeleriň, ugurlaryň we hyzmatdaşlaryň bolmagy energetika ulgamynyň durnuklylygyny üpjün edýär. Bu ýagdaý diňe bir ykdysady howpsuzlygy däl, eýsem sebit durnuklylygyny hem berkidýär, sebäbi ýurtlar biri-biriniň mümkinçiliklerini doldurýan hyzmatdaşlara öwrülýärler. Energetika ulgamynda ygtybarlylyk diňe fiziki üpjünçilik bilen çäklenmeýär. Hukuk taýdan berkidilen ylalaşyklar, halkara kadalaryna laýyk gelýän şertnamalar we aç-açan hyzmatdaşlyk mehanizmleri energetika howpsuzlygynyň möhüm bölegidir. Şeýle esasda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda ynamy pugtalandyrýar we sebit derejesinde durnukly gatnaşyklaryň kemala gelmegine ýardam edýär.

Häzirki wagtda “energiýa howpsuzlyk” düşünjesi täze garaýyşlary emele getirýär. Eger, bu ugra degişli ilkinji ylmy garaýyşlar ýurduň çägi bilen çäklenen bolsa, energetika howpsuzlygy milli ykdysadyýetiň we ilatyň hökmany üpjünçiliginiň esasy daýançlarynyň biridigi anyklanylandan soňra, ekologik we tehnogen howpsuzlyk ýaly garaýyşlaryň hem giňeldilmegine we täzeden seredilmegine getirdi.

Geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndan başlap köp ýurduň syýasaty, ykdysady ösüşiniň derejesiniň görkezijisi, milli howpsuzlygy we ilatyň maddy üpjünçiligi, energiýa üpjünçilik meselesiniň çözgüdi hökmünde ykrar edilýär.

Bilermenleriň baha bermegine görä, 2040-nji ýyla çenli dünýäniň energiýa sarp edijiligi 40 % ýokarlanmagy garaşylýar. Energetika howpsuzlygyň esasy ýörelgesi, arassa energiýany import edýän ýurtlaryň binýadynda hereketlenýär we emele gelýär. Dünýä bileleşigi tarapyndan energeýa howpsuzlygyna üznüksiz, ekologik arassa we üpjünçiligiň bahasynyň elýeterliligi hökmünde kabul edilýär.

Murad Gaipow, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň  3 NGPYD B toparynyň talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan taryhy mekan

Ata Watan Eserleri