JEMGYÝET

Energetika desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda guruljak täze energetika desgalarynyň gurluşygyna badalga berdi. Ýurdumyzyň iri nebitgaz toplumynda Türkiýäniň “Çalyk Enerji” kompaniýasynyň gatnaşmagynda 70 megawat/sagat kuwwatlygynda 2 sany gaz turbinany gurmak hem-de hereket edýän elektrik bekediniň durkyny täzelemek işleri alyp barar.

Hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda guruljak iri energetika desgalarynyň gurluşygyny Türkiýe Respublikasynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasy tarapyndan guruljakdygyny we Ýewropada öndürilen kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, 18 aýyň dowamynda gurlup ulanmaga beriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu energetika taslamalaryň bu zawodlar toplumynyň önümçilik desgalaryny elektrik energiýasy bilen üznüksiz we ygtybarly üpjün etmäge ýardam etjekdigini belledi.

AHMET ÇALYK: TÜRKMENISTAN BILEN UZAKMÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGA ULY ÄHMIÝET BERÝÄRIS

Dabara gatnaşan Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk dabarada eden çykyşynda milli Liderimize umumy kuwwaty 70 megawata deň bolan gaz turbinalaryň hem-de bar bolan elektrik bekediniň durkunyň täzelenmegi taslamasyna badalga bermäge gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanda energetika ulgamynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny belläp geçen Ahmet Çalyk ýokary tehnologiýaly taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem türk işewüri Türkmenistanyň özüniň elektrik energiýasyna bolan zerurlygyny doly üpjün edip, eksport möçberini hem yzygiderli artdyrýandygyny belledi.

Türkmenbaşy şäheriniň senagat maksatly önümçiliginiň artmagy bilen elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň hem artýandygyny bellän Ahmet Çalyk täze energetika desgalarynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň elektrik energiýa bolan zerurlygyny doly üpjün etjekdigini mälim etdi. Türkmenistanyň elektrik energetika ulgamyndaky ösüşlerine türk kompaniýasynyň hem goşandynyň bardygyny belläp, Türkmenistan bilen energetika ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi taslamasyna hem gatnaşmakdan uly buýsanç duýýandyklaryny belledi.

ENERGETIKA DESGALARYŇ DÜÝBI TUTULDY

Soňra dabaranyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň düýbüni tutdy. Bu taslamanyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Taslamany 18 aýyň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Taslamany durmuşa geçirýän “Çalyk Enerji” kompaniýasy Türkmenistanda başga-da köp sanly iri elektrik beketleriniň gurluşygyny amala aşyrdy.

Bu dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, Russiýanyň “Lukoil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow hem gatnaşdy.

Bulary hem okaň

Türkmen Lider, türk işewürini kabul etdi

Türk kompaniýasyna täze taslama ynanyldy

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürilýär

Gazak ministri: Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegine aýratyn üns berilýär

Oguljahan Atabaýewa Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Russiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ministri Türkmenistana sapar bilen geldi

Oraza baýramynyň 30-njy martdaky dynç güni 31-nji marta geçirildi