TEHNOLOGIÝA

Emeli intellekt boýunça ministrligi bolan ýeke-täk ýurt

Tehnologiýanyň çalt depginde ösýän döwründe emeli aň hem-de emeli intellekt ulgamyna has köp ähmiýet berilýär. “PwC” kompaniýasynyň çaklamasyna görä, emeli intellekti ulanmak bilen 2030-njy ýyla çenli dünýäniň jemi içerki önümine 15.7 trillion dollar goşmaça girdeji gazandyryp bolar. Bilermenleriň pikirine görä, bu tehnologiýalary ösdürmekden esasy peýdany Hytaý bilen ABŞ alar.

Ýöne, emeli intellekt boýunça ilkinji ministr wezipesi bolan ýurt bolsa Birleşen Arap Emirlikleridir. 2017-nji ýylda BAE-niň raýaty Omar Sultan Olam bu wezipäni eýeläp, öz ýurdunyň bu ugurdaky ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýar.

BAE-niň Hökümeti emeli aň ulgamynda uzakmöhletleýin ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda emeli aň ulgamyndaky taslamalary bilen meşhurlyk gazanan “OpenAI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman BAE-ni emeli aň taslamalarynyň synag edilýän ýerine öwürmek babatdaky teklibi öňe sürdi. Bu teklip BAE-niň hökümeti tarapyndan gyzgyn garşylandy.

 

Ýene-de okaň

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler