TEHNOLOGIÝA

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

“Nvidia” kompaniýasynyň paýnamalary 15 göterim ýokarlap, 780,85 dollara deň bolup, kompaniýanyň bazar bahasyny 2 trillion dollara golaşlaşdyrdy. Bularyň hemmesi garaşylandan has köp emeli intellekt çiplerine bolan isleg bilen berk baglanyşykly boldy.

Emeli intellektual tekliplerini täzelemek üçin ulanýan “Nvidia” çiplerine bolan islegiň ýokarlanmagy, birinji çärýekdäki girdejiniň 233 göterim ýokarlanmagyna kömek eder.

Ýokary hilli emeli intellekt çipleri üçin bazaryň 80% -ine eýelik edýän “Nvidia” kompaniýasy geçen ýylyň dördünji çärýegindäki girdejisini 22,10 milliard dollara ýetirdi.

“Nvidia”, 1,96 trillion dollar bilen ABŞ-nyň iň gymmatly üçünji kompaniýasyna öwrüldi. Bir ýyl ozal bazar bahasy 512,6 milliard dollar bilen ýedinji orny eýelapdi.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler