Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna laýyklykda, iri senagat toplumlary guruldy we şolaryň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Köp sanly durmuş, önümçilik we beýleki maksatly desgalar ýaly, bu toplumlar hem elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün edilmegini talap edýär.
Şu maksatlar bilen, elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, maksadalaýyk giň gerimli işler alnyp barylýar. Şolaryň çäklerinde ähli sebitlerde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gazturbinaly elektrik beketler, elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik podstansiýalary gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär.
Ýurduň energiýa ulgamynyň umumy kuwwatyny Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan we sebitde asla meňzäri ýok 1574 megawatt kuwwatly birleşdirilen bug-gaz elektrik stansiýasy ýaly täsin desgalar artdyrylyp, gidroelektrik stansiýasynyň jemi kuwwaty iki esse köpeldildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde iň uly elektrik eksportçysydyr. Ol indi köp ýyl bäri ýurduň sarp edýän energiýasynyň ýarysyny Merkezi Aziýadan alýan Owganystany arzan bahadan elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.
Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň elektirk energiýa kuwwatyny has-da artdyrmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde ýurdumyzyň Balkan welaýatynda hem iri elektrik energiýa desgasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada golaýda geçirilen Hökümet mejlisinde bellenilip geçildi. Şonda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilýän möçberleriniň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt bazarlaryna türkmen elektrik energiýasyna bolan islegiň yzygiderli artmagy bilen baglylykda goşmaça elektrik kuwwatlyklar döretmegiň çäklerinde Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak babaradky teklip makullandy. Bu desga Mary welaýatyndan soňra ýurdumyzda gurulýan iri elektrik desgalarynyň biri bolar.
Şeýle hem ýurdumyzda “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak üçin hem giň taslamalar durmuşa geçirilýär. Muňa Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy hem aýdyňlygy bilen mysal bolup durýar.
Leýla Ezizowa,
Türkmenistanyň Döwlet energeitka institutynyň
Kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
