SPORT

Dünýäniň ýokary hak tölenýän türgeni

“Uly tuwalga” ýaryşlarynda 20 gezek çempion bolan şweýsariýaly Rojer Federer dünýäniň iň ýokary hak tölenýän türgeni boldy.

2019-njy ýylyň 1-nji iýuny bilen 2020-nji ýylyň 1-nji iýuny aralygynda ol 106,3 million dollar gazandy. Onuň 6,3 millionyny ýaryşlardan, 100 millionyny bolsa sponsor girdejilerinden gelen serişdeler emele getirdi.
Şeýlelikde bu ugurdaky sanawda ilkinji gezek bir tennis sportunyň türgeni birinji orny eýeledi.

Ýokary hak tölenýän türgenleri sanawy:

2.Kriştiano Ronaldy, futbolçy – $105 mln (aýlygy – $60 mln, sponsorlyk girdejisi – $45 mln).

  1. Lionel Messi, futbolçy – $104 mln ($72 mln we $32 mln).
  2. Neýmar, futbolçy – $95,5 mln ($70,5 mln we $25 mln)
  3. Lebron Jeýms, basketbolçy – $88,2 mln ($28,2 mln we $60 mln)
  4. Stefen Karri, basketbolçy – $74,4 mln ($30,4 mln we $44 mln)
  5. Kewin Dýurant, basketbolçy – $63,9 mln ($28,9 mln we $35 mln)
  6. Taýger Wuds, golfçy – $62,3 mln ($2,3 mln we $60 mln)
  7. Kirk Kazins, amerikan futbolynyň türgeni – $60,5 mln ($58 mln we $2,5 mln)
  8. Karson Wens, amerikan futbolynyň türgeni – $59,1 mln ($55,1 mln и $4 mln)

Sanawda 100 türgen bolup, olaryň 35-si basketbolçy, 31-si amerikan futbolynyň wekilleri, 14-i futbolçy, 6-sy tennisçi, 5-i boksçy, 4 golfçy, 3 awtoulag sportunyň wekili, biri beýsbolçy we biri kriket türgeni.

Ýene-de okaň

Meşhur horwat futbolçysy Gyrgyzystana tälim berer

Rimde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Messi Amerikanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi: Özbegistan Ronaldo garşy oýnar

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar