DÜNÝÄ

Dünýäniň iň uly ýaşaýyş jaýy satlykda

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhyndaky iň gymmat öý ― Kaliforniýanyň Los-Anželes şäherindäki «The One» köşgi satuwa çykaryldy. Ol 340 million dollar möçberinde bahalanýar ― diýip, «The Sun» habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, umumy meýdany 10 müň inedördül metr bolan bu bina Ýer ýüzündäki iň uly hususy ýaşaýyş jaýydyr. Ol şäheriň iň belent nokatlarynyň birinde guruldy.

Köşkde 21 ýatylýan otag, 42 hammam, 5 howuz, dört zolakly oýun meýdançasy, 30 awtoulag üçin garaž we kinoteatr bar. Şeýle hem, binanyň bir ganaty haýyr-sahawat çäreleri üçin niýetlenendir. Içki otaglar adaty bolmadyk mebel bezegi we dürli bitarap reňkler bilen tapawutlanýar. Jaý häzirki zaman sungat eserleri bilen hem bezelipdir.

Bu köşk amerikaly kino prodýuseri Naýl Naýama degişlidir. Ol «The One»-y 2013-nji ýylda gurup başlady. Jaýyň gurluşygyna 600-den gowrak adam gatnaşdy. Jaýy meşhur binagär Pol MakLin dizaýn etdi.

Mundan ozal ABŞ-nyň taryhynda satylan iň gymmat ýaşaýyş jaýynyň bahasy 137 million dollara barabar bolupdy. Bu jaý Nýu-Ýork ştatynyň Hempton şäherinde ýerleşýär.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy