JEMGYÝET

Dünýäniň iň gowy şäheri belli boldy

Halkara metbugat media kompaniýasy “Time Out” -yň habaryna görä, gyzyl reňkli köprüsi we ösen tehnologiýa pudagy bilen eýýäm dünýä belli bolan San-Fransisko “Dünýäniň iň gowy” şäheri diýlip yglan edildi.

Halkara metbugat brendi, dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzmek üçin dünýäniň dürli künjeklerinden redaktorlary jemläp, şeýle hem dünýäniň dürli kenjeginden 27 müň töweregi şäher ýaşaýjysynyň pikirleri aldy.

Her şäheriň gijeki durmuşy, restoranlary we medeni aýratynlyklary, şeýle hem “Covid-19” -dan soň belki-de has möhüm bolan şäheriň jemgyýetçilik duýgusy göz öňünde tutuldy. Şäherleriň daşky gurşaw başlangyçlary, şeýle hem işjeňlige we umumy dostluga ygrarlylygy gözden geçirildi.

“Time Out” San-Fransiskonyň “öňe gidişligiň, kabul etmegiň we durnuklylygyň ýeňip bolmajak utgaşmasy” ady bilen birinji orny eýeländigini mälim etdi.

San-Fransisko pandemiýa garşy göreşi we ABŞ-da sanjymlaryň iň ýokary derejesinden biri bolanlygy üçin “Time Out” tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

“Time Out” neşiri boýunça iň gowy 10 şäheriniň sanawy

  1. San-Fransisko, Kaliforniýa, ABŞ
  2. Amsterdam, Niderlandlar
  3. Mançester, Angliýa
  4. Kopengagen, Daniýa
  5. Nýu-York, ABŞ
  6. Monreal, Kanada
  7. Praga, Çehiýa
  8. Tel-Awiw, Ysraýyl
  9. Porto, Portugaliýa
  10. Tokio, Ýaponiýa

 

“Airbus” uçar satuwynda öňde barýar

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy