TEHNOLOGIÝA

Dünýäde täze uçarlara bolan isleg artar

2024-2043-nji ýyllarda täze ýolagçy we ýük uçarlaryna bolan isleg 42,430 müň uçara deň bolar. Bu barada “Airbus” aerokosmos korporasiýasynyň 2023-nji ýyldaky global bazar çaklamasynda beýan edilýär.

Uçarlara bolan islegde öňdebayrjy ýurtlar dünýäniň iň köp ilatly iki ýurdy bolan Hindistan we Hytaý bolar diýlip çaklanylýar. Öňümizdäki 20 ýylda global awiakompaniýalar takmynan 18 müň 460 köne uçarytäze, has tygşytly uçar bilen çalşar.

Koronawirus pandemiýasyndan soň, dünýäde ýolagçy gatnawynyň ortaça ýyllyk ösüş depgini 2027-nji ýyla çenli 8,4% bolar. “Airbus” kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, 2027-nji we 2043-nji ýyllar aralygynda ýyllyk ortaça ösüş depgini ortaça 3,6 göterim we ýük gatnawynyň ösüşi 3,1 göterim bolar.

 

Ýene-de okaň

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler