SIZDEN GELENLER

Dünýädaki seýrek gabat gelýän miwe-gök önümleri

Dünýäniň käbir döwletlerinde seýrek duş gelýän birnäçe miwe-gök  önümleri bardyr. Ol miweleriň hersiniň özüne mahsus bolan häsiýetleri bolup, daş görnüşleri we tagamlary bilen tapawutlanýarlar.    Bu seýrek miwelerde örän köp peýdaly birnäçe witaminlar bardyr.  Bu miiweleri  ýetişdirmekde we sarp edijilere ýetirmekde ilat tarapyndan  uly islege eýedir. Esasan hem çagalar üçin diýseň peýdaly hasaplanýan ol miweler şu aşakdakylardyr.

1.Rambutan

Günorta-Gündogar Amerikada dörän tropiki miwe bolan Rambutan, tebigaty daşky görnüşi we tagamy bilen adamlara hödürleýän iň gyzykly miweleriň biridir. Agaç bilen birmeňzeş ady bolan rambutan miwesi, alma ölçegli saçly örtükli ajaýyp miwedir.

  1. “Goya”

Adamlar tarapyndan ulanylýan iň köne we sagdyn gök önümlerden we ösümliklerden biridir; Gök önüm hökmünde iýilmekden başga-da, bejeriş aýratynlyklary sebäpli kesellere garşy giňden ulanylýar. ‘Momordica charantia’ diýlip atlandyrylýan Goýa, açyk ýaşyl ýabany hyýar ýaly görünýän we örän ajy tagamly ösümlik.

  1. Durian”

Durian dünýäde iň gyzykly miweleriň biri bolan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda “miweleriň şasy” diýlip atlandyrylsa-da, käbir sebitlerde “asmanyň we dowzahyň miwesi” hökmünde hem bellidir. Duriananyň “asmanyň we dowzahyň miwesi” diýilmeginiň sebäbi, tikenlerden doly gabygynyň bardygyny we erbet ysynyň dowzahy ýatladýanlygy, ajaýyp tagamy bilen hem jenneti ýatladýanlygy sebäpli şeýle atlandyrylypdyrlar.

  1. “Akebi”

Akebiniň manysy “seýrek gök reňk”diýmekligi aňladýar. Gabygy nohut bilen birmeňzeş açylan we ýakymly tagamly miwe bolup eti  bilen tohumlary biri-birinden aýyrmak gaty kyn bolanlygy sebäpli, bilelikde iýilýär. Güýzde ýygylýan bu miwe demirgazyk Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilýär.

5.“Ýyldyz” Almasy

Esasanam tagamy we saglyga peýdalary bilen Ýewropa ýurtlarynda giňden sarp edilýän ýyldyz almasy ýokanç kesellere garşy bedeniň berkligini ýokarlandyrýar. Kaloriýasy pesligi sebäpli berhizlik iýmitleriň sanawynda hem bar.

Şeýle miweleriň ýüze çykmaklygy adamlara gelejekde dogry iýmitlenmekde hasda uly ýardam boljaklygy hem bellärliklidir.

 

  Bezirgen BÄŞIMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Şäherara gatnawlarda hoş habar: Gatnawlar synag hökmünde başlaýar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti