SPORT

Dünýä çempionaty üçin 3 milliona golaý bilet satyldy

Katarda geçiriljek 2022-nji ýyldaky futbol bovunca dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda bilet satuwynyň 3 milliona golaýlaýandygy habar berildi.

FIFA tarapyndan berlen beýanatda 20-nji noýabrda başlajak Ýakyn Gündogarda we Arap dünýäsinde ilkinji gezek geçiriljek ýaryşyň biletlerine islegiň ýokarydygy mälim edildi.

FIFA-nyň prezidenti Gianni Infantino: “Katarda geçiriljek FIFA dünýä çempionatynyň iň gowusy boljakdygyny elmydama aýdýaryn. Dünýä tolgunýar. Katar taýýar. Iş tamamlandy. Bilelikde, iň gowy ýaryşa taýyn bolalyň “-diýip belledi.

Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda gurnaýjylar tarapyndan dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýändigi barada goşmaça gyzyklanma sebäpli goşmaça 30 müň myhmanhana otagynyň taýyndygy mälim edildi.

Şeýle hem şu güne çenli 2,89 million bilet satylan ýaryşa iň köp isleg bildirýän ýurtlaryň hatarynda ABŞ, Saud Arabystany, Angliýa, Meksika, Birleşen Arap Emirlikleri, Argentina, Fransiýa, Braziliýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň janköýerleriniň bardygy bellenilip geçildi.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy