SPORT

Dünýä belli futbolçy “Galatasaraý” toparynda oýnar

Fransiýanyň “PSŽ” hem-de Angliýanyň “Çelsi” toparlarynyň uly gyzyklanma bildiren dünýä belli hüjümçilerinden nigeriýaly Wiktor Osimhen Türkiýäniň “Galatasaraý” toparyny saýlady.

Italiýanyň “Napoli” topary bilen uly üstünlikler gazanan bu futbolçy “Galatasaraý” toparynda kärendesine oýnar.

Wiktor Osimhen italýan toparynda 133 duşuşykda oýnady we 76 gol geçirdi. Ol aslynda Kilian Mbappeniň ornuna fransuz toparynyň düzümine goşulmagyna garaşylan futbolçylaryň biridir.

Nigeriýaly futbolçy dünýäniň iň gymmat bahaly hüjümçileriň hatarynda durýar. 180 million ýewro bahasy bilen Erlin Holand we Kilian Mbappe 1-nji we 2-nji orunda, “Inter” toparynda çykyş edýän Lautaro Martines 110 million ýewrolyk bahasy bilen 3-nji orny, Osimhen bolsa, 100 million ýewrolyk bahasy bilen 4-nji orunda durýar.

Ýene-de okaň

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär