DÜNÝÄ

Dubaýyň şazadasy rekord goýdy

Dubaýyň şazadasy Hamdan bin Muhammad bin Raşid Al Maktum Birleşen Arap Emirlikleriniň döredilmeginiň 48 ýyllygy mynasybetli «Skydive Dubai» paraşýutçylar topary bilen bilelikde rekord goýdy. Bu rekord Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hem bellige alyndy.

Rekord nähili goýuldy? Paraşýutçylar toparyna goşulan şazada Dubaýdaky «The Palm Jumeirah» emeli adasynyň üstünde howa giňişliginde 144 inedördül metrlik Döwlet baýdagyny galgatdy. Aslynda, rekord 18-nji noýabrda goýlupdy, ýöne şazada bu baradaky habaryň dünýä jemgyýetçiligine biraz giç berilmegini isledi.

Internetde rekordyň goýluşy baradaky wideogörnüşlere az salymda millionlarça adam tomaşa etdi. Şazadanyň özi tarapyndan paýlaşylan görnüşleriň gapdalynda: «Milli buýsanjymyz bilen ýene bir dünýä rekordy: 144,28 inedördül metrlik baýdagymyz BAE-niň Milli güni mynasybetli Dubaýyň asmanynda galgaýar» diýlen ýazgy galdyrylypdyr.

Ýene-de okaň

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi